Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
Jemgyýet
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
Çap edildi 01.01.2026
43

Şu gün halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýene-de bir möhüm sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrýan täze — 2026-njy ýyly uly ruhubelentlikde, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady.

Täze ýyl mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerinde oturdylan, dürli öwüşginde ýalkym saçýan arçalaryň daşyndan bagtyýar çagalar gol tutuşyp aýlandylar. Medeniýet we sungat ussatlary — meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary, teatr artistleri täze aýdymlary, tansdyr sazly kompozisiýalary, dürli sahna oýunlary, çykyşlary bilen ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdylar.

Şu günler Aşgabat şäheri has-da gözel görnüşe girip, kalbyňy joşdurýan aýratyn öwüşginler bilen haýran galdyrýar. Paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny bir ýere jemlän, Täze ýyl baýramynyň esasy dabaralarynyň geçirilýän ýeri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançalaryň bezegi hemmeleriň göwnüni galkyndyrýar.

2025-nji ýylyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň, Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülip, täze taryhy döwrümiziň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup girdi. Hususan-da, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasaty üstünliklere beslendi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşmagy, bu ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, dünýäde dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, adamzadyň abadançylygynyň bähbidine halkara tagallalaryň birleşdirilmeginde möhüm tapgyr boldy.

Ýylyň başynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň bu şanly ýyla ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda mümkinçilik hökmünde garaýandygyny görkezdi. Munuň şeýledigini bu ýylda Diýarymyzda möhüm halkara çäreleriň geçirilmegi, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen subut edýär. 2025-nji ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty, Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan halkara forum we olaryň çäklerindäki ugurdaş çäreler häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmakda we işläp taýýarlamakda dünýä ähmiýetli wakalar boldy. Olara onlarça döwletiň, iri halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Kabul edilen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meseleleri boýunça täze strategik gün tertibi kesgitlenilýär. Awaza maslahatynyň jemleriniň ýokary halkara ähmiýete eýedigi oktýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň mysalynda-da äşgär görünýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň ýene iki sany resminamany — “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)” we “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalary kabul etmegi şanly ýylyň soňky günlerine aýratyn öwüşgin çaýdy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Milletler Bileleşiginiň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisindäki taryhy çykyşynda öňe süren, adamzadyň abadançylygyna we tutuş dünýäniň durnukly ösüşine gönükdirilen başlangyçlarynyň halkara bileleşigiň giň ykrarnamasyna eýe bolýandygyny görkezen möhüm wakadyr.

Ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar, işewür toparlaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň tutuş tapgyryny geçirendigini bellemek gerek. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi hem-de Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen oňyn halkara gatnaşyklaryny, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze eýýamy açýan wajyp ylalaşyklar gazanyldy.

Ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwer ýörelgeler berkarar Watanymyzyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi hökmünde dünýäde dabaralandyrylýar. Bu işde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm orun degişlidir. Gazna şanly ýylda milli we halkara derejede alyp baran ynsanperwer işleriniň gerimini has-da giňeltdi. Mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat geçirildi. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat guraldy. Olaryň jemleri boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Hazaryň gözel kenarynda haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylmagy çagalaryň saglygyny dikeltmek we bejermek babatda ýaýbaňlandyrylan işleri mundan beýläk-de ilerletmekde wajyp ädim boldy.

Şanly ýylda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça möhüm işler ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Şolaryň hatarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny hem-de ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmäge gönükdirilen «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny aýratyn bellemek gerek.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň her bir güni depginli ösüşlere baý boldy. Indi ençeme ýyldan bäri ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady binýadynyň berkdiginiň, giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň görkezijisidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şanly ýyly ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkyň hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň beýanyna öwrülen iri desgalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna hem-de beýleki möhüm wakalara beslendi. Bu ýylda paýtagtymyzy, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, olaryň baý ykdysady we tebigy mümkinçiliklerini özleşdirmäge ýardam berýän çözgütler kabul edildi.

2025-nji ýylda şanly baýramçylyklara gabatlanyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuş we önümçilik maksatly iri desgalar açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi durmuş ulgamynyň Watanymyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy ugry bolup durýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Döwlet Baştutanymyz şanly ýylyň ilkinji günlerinde Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny, çeper halyçylyk kärhanasyny, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini we beýleki desgalary gurmaga ygtyýar bermek hakynda resminamalara gol çekdi. Bu bolsa durmuş-önümçilik ulgamy tutuşlygyna “akylly” tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan döwrebap şäheriň gurluşygyna toplumlaýyn hem-de strategik esasda çemeleşilýändiginiň güwäsidir. Arkadag şäheri häzirki zaman binagärliginiň ajaýyp nusgasydygyny, onuň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýedigini tassyklaýan halkara güwänamalara mynasyp bolýar.

Watanymyzyň ähli ýerini gurşap alýan giň gerimli gurluşyklary ýokary hilli serişdeler bilen üpjün etmek, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak maksady bilen, iri önümçilik desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigi nygtalmaga mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Bäherden keramiki önümler kärhanasy hem-de paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän önümhana açyldy. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyşy, Balkan welaýatynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabaralary hem ýatdan çykmajak wakalara beslendi.

Milli ykdysadyýetiň binýatlaýyn düzümini emele getirýän ýangyç-energetika pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod çig mal gorlary sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi ilerletmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini bellemeli. Şanly ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi. Bu ýylda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde döwrebap obalaryň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäniň açylyş dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýany bolan täze ilatly ýerlere Watanymyzyň ösüşli döwrüne mahsus döwrebap atlar dakyldy. Mundan başga-da, iri maldarçylyk, ýyladyşhana toplumlary, daýhan hojalyklary yzygiderli gurlup, azyk bolçulygynyň berk binýady kemala getirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň ulanmaga berilmegi-de muny doly tassyklaýar. Döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde öndürilýän oba hojalyk önümleri görnüş we möçber babatda ýokary ösüşe eýe bolýar. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlary 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny döwlet harmanyna tabşyrdylar.

Şanly ýylda ulag-aragatnaşyk toplumynyň gurluş düzümi döwrebaplaşdyryldy. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilip, iri infrastruktura taslamalary durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm şahalarynyň kesişýän ýerinde ýerleşýändigi bilen baglylykda, şeýle iri taslamalar üstaşyr ulag ulgamynda bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmaga, logistika merkezi hökmünde Diýarymyzyň eýeläýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine hususy pudagyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Olar milli önümçilik we hyzmatlar ulgamynyň dürli ugurlarynda telekeçilik işini üstünlikli alyp baryp, Diýarymyzyň ykdysady, eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Şanly ýylda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik toplumlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyna halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagynda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösdürilmegine iri maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap desgalar yzygiderli gurulýar. Munuň şeýledigini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde geçirilen dabaralar hem aýdyň tassyklady. Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze, goşmaça okuw binasy we beýleki desgalar paýtagtymyzda, Lebap welaýatynda umumybilim berýän orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly ýagdaýda açyldy. Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň, paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Garadaşaýak” ýaşaýyş toplumynda gurlan saglyk öýüniň açylyş, şeýle hem Aşgabat şäherinde köpugurly hassahananyň, Tejen etrabynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüni tutmak dabaralary hünär baýramyny ýatdan çykmajak waka öwürdi.

Ýurdumyzyň ýaşlary we türgenleri dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrýarlar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramynyň yzysüre, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurmagy olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli medeni çäreler, Medeniýet günleri, döredijilik festiwallary geçirildi. Bu çäreler medeni diplomatiýa arkaly ýurtlardyr halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etdi. Ahal welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi döredijilik işgärleriniň özara tejribe alyşmagyna, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine amatly şertleri döretdi. Halkymyzyň döreden maddy gymmatlyklaryny dünýä medeniýetiniň sanawyna goşmak boýunça işler dowam etdirildi. «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylmagy bu ugurda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň iň esasy netijeleriniň biri boldy. Ýeri gelende, Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigini hem bellemek gerek.

Ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan raýatlaryna, dünýä döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşant goşan daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň, şeýle hem ýadygärlik nyşanlarynyň gowşurylmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şanly ýylda neşir edilen «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi ýurdumyzyň ylmy gazananlarynyň we edebiýat gorunyň has-da baýlaşmagyna goşant boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bolsa Watanymyzyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan şöhratly ýolunda gazanan üstünlikleriniň ajaýyp beýanyna öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýyllar şanly senelere beslenip gelýär. Bu gezek hem hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden baýram edilen 2025-nji ýyl öz ornuny döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenjek täze — 2026-njy ýyla berýär. Watanymyzyň döwlet berkararlygynyň goşa ganatyna öwrülen bu iki gymmatlyk täze ýylyň şygarynda hem aýdyň beýanyny tapdy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygary uly many-mazmuna eýe bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar.

Täze ýyl biziň her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, arzuwlardyr täze maksatlary bir ýere jemleýän baýramçylykdyr. Bu gün paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezindäki ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky ertekiler şäherjigini Täze ýyl baýramynyň şowhuny gurşap aldy. Meýdançanyň köpöwüşginli bezegi, bu ýerde ýaňlanan aýdymdyr sazlar onuň şowhunyny has-da artdyrýar.

Meşhur aýdymçylar Watanymyzyň täze taryhy eýýamyny wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Ähli çykyşlar ajaýyp horeografik kompozisiýalar bilen utgaşdyryldy. Munuň özi baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Alypbaryjylar bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň adyndan Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärler.

Aşgabatdaky Täze ýyl dabarasyna teleköpri arkaly ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylary hem goşulýarlar. Paýtagtymyzy bäş welaýatyň edara ediş merkezleri hem-de Arkadag şäheri bilen baglanyşdyrýan monitorlar arkaly hormatly ýaşulular, häkimler, sebitleriň ýaşaýjylary, ýaş türkmenistanlylar döwlet Baştutanymyzy we Milli Liderimizi, ähli halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlaýarlar. Ajaýyp aýdymlar, tanslar ýerine ýetirilýär.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlenýär. Ähli ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly üns bilen diňleýärler. Biziň täze günümiz, röwşen geljegimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şu dabaraly pursatda meýdançada ýygnananlaryň hemmesini, ähli türkmenistanlylary Garaşsyz Watanymyza, ýurdumyzyň häzirki gününe we geljegine bolan uly buýsanç duýgusy gurşap alýar. Sanlyja pursatdan sagadyň dilleri 12-ni görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Soňra baýramçylyk feýerwerki asmany bezedi. Täze — 2026-njy ýyl baýramçylyk şüweleňiniň ajaýyp pursatlary bilen durmuşymyza gadam basdy. Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Watanymyzy ösüşleriň täze sepgitlerine ýetirsin! Täze ýylda ähli ýagşy arzuwlar hasyl bolup, hemmelere parahat we asuda durmuşyň eşreti, ertirki güne ynam hem-de rowaçlyk ýaran bolsun!

Soňky habarlar
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
30.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.12
Çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
29.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow