Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
Jemgyýet
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
Çap edildi 01.01.2026
2905

Arkadag şäherinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýyly garşylamak dabarasy şatlykly wakalara baý boldy.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen täze şäheriň merkezi meýdançasynda baýdak galdyrmak dabarasyndan başlandy. Munuň özi ýurdumyzda asylly däbe öwrülen çäredir. Dabara şäher ilatynyň we onuň myhmanlarynyň ruhuny belende göterdi. Dürli reňkli howa şarlarynyň asmana uçurylmagy şanly seneleriň hormatyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň uly dabaralara beslenýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Ýygnananlaryň şatlyk-şowhuny belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen utgaşyp, ýurdumyzda berkarar bolan bagtyýar durmuşyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Soňra bu ýerde dabara Arkadag şäheriniň çägi boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk ýörişi bilen dowam etdi. Täze ýyly mynasyp derejede garşylan şäheriň keşbinde aýratyn gözellik emele geldi. Şäheriň bir bitewi sazlaşygy döreden döwrebap binalary, nurana ýollary we suw çüwdürimli meýdançalary baýramçylyk lybasyna beslendi. Baýramçylyk dabaralary medeniýet we sungat ussatlarynyň, ýaşajyk artistleriň şowhunly çykyşlary bilen utgaşdy. Aýazbaba we Garpamyk bagtyýar çagalar bilen bilelikde Arkadag şäheriniň Täze ýyl arçasynyň ýanynda guralan aýdym-sazly çykyşlara goşuldylar.

Soňra çäreler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde dowam etdi. Bu ýerde bejergi alýan çagalara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy has-da ýatda galyjy boldy. Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabaranyň çäklerinde çagalar dürli süýjüliklerden we naz-nygmatlardan, okuw esbaplaryndan, interaktiw serişdelerden ybarat bolan sowgatlary uly hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalara ilkinji gezek saz gurallary hem sowgat berildi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesillerde döredijilik ukybyny ösdürmek, olaryň aýdym-saza höwesini artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr.

Çagalar özleri barada edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow