Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
Jemgyýet
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
Çap edildi 02.01.2026
35

Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigini ýüze çykardy.

Aýdym-sazly dabaraly maslahata Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ýolbaşçylary hem-de bu ugra ýöriteleşdirilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, pudagyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulylary, döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, aýdym-saz sungatynyň ussatlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly maslahat başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar häkimligiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda Arkadag şäheriniň gazananlaryna we ahalteke bedewleriniň gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edilen döredijilik işlerine uly orun berlipdir. Şeýle hem sergide ýyndam bedewlere birnäçe ajaýyp kitaplaryny, şol sanda “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly we beýleki kitaplaryny bagyşlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinde bada-bat ünsüň eglenýär.

Soňra dabaraly maslahat başlanyp, onda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de dabaraly maslahata gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ähli halkymyzy täze, 2026-nji ýylyň başlanmagy hem-de bu ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi, halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen şygar bilen geçen 2025-nji ýylyň ahyrky Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edendiklerini aýdyp, bu teklibi goldamak bilen 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edendigine üns çekildi.

Şu mynasybetli Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimizi türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlandygy barada bellenilip geçildi.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlenende hem bu ýylyň şygaryna ünsi çekendigini belläp, döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýandygyny, ahalteke bedewiniň – biziň buýsanjymyzdygyny, şöhratymyzdygyny aýdandygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler amala aşyryldy, durnukly ösüşiň binýady pugtalandyryldy. Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar diýip, dabaraly maslahatda çykyş eden ýurdumyzyň meşhur döredijilik-sungat işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýew hem-de Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy K.Täşliýew guwanç bilen nygtadylar.

Şeýle hem olaryň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýygy-ýygydan ahalteke bedewleri bilen didarlaşyp durýandygy, olara atlanyp, bedewi çarpaýa galdyrmagynyň Türkmenistan Watanymyzyň belentliklere ymtylyşyny alamatlandyrýandygy buýsanç bilen nygtaldy. Bedewlere şeýle derejede erk etmek ussat çapyksuwarlara mahsusdyr, aty çarpaýa galdyryp, onuň üstünde mäkäm we ynamly oturmak diňe kämillere, dogumly kişilere we merdana adamlara başardýandyr diýip, çykyş edenler aýtdylar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň bedew üstündäki keşpleri şekillendirilen ajaýyp sungat eserleri hem peýda bolup, olar bu günki gün halkymyzyň gymmatly mirasyna öwrülýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa bedewiň jylawyny Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynamly gollara alyp, Watanymyzy taryhy ösüşleriniň täze tapgyryna alyp barýar. Ýurdumyzyň asudalygy, rahatlygy we diňe öňe tarap hereket etmegi ahalteke bedewine mahsus alamatlar bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu bolsa dünýäniň häzirki çylşyrymly döwründe aýratyn möhümdir diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Şeýle bolansoň 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy tüýs ýerine düşen ajaýyp çözgütdir. Bu ýylda hem ähli halkymyz bolup, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň daşyna agzybirlik bilen jebislikde nobatdaky belent ösüşlere bedew bady bilen ýetiljekdigine uly ynam bildirildi.

Dabaraly maslahatda täze ýylyň şygarynyň mazmuny hem-de bedewler hakdaky çykyşlar Milli Liderimiziň: “Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!” diýen ruhlandyryjy sözleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.

Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp, tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýýandygy barada aýdylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleriniň türkmen atçylyk sungatynyň abraýyny has-da artdyrýandygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, halkymyz ençeme maddy gymmatlyklary döreden, umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşan halkdyr. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty belent derejelere göterilýär. Halkymyzyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy hem ruhy baýlyk hasaplanýar. Ahalteke atlaryna «Asman atlary», «behişdi bedewler» diýlip mynasyp baha berilýär. Häzirki bagtyýar döwrümizde ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun alandyr. Bedew atlarymyz milletimiziň buýsanjy bolup Ýer ýüzüne ýaň salýar.

Çykyş edenler bular dogrusynda nygtap, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy -- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynda beýan eden pikirlerine ünsi çekdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol täze kitabynda belleýşi ýaly, ahalteke bedewi, türkmen alabaýy diňe bir Türkmenistanyň milli baýlygy däl, eýsem, bütin dünýäniň medeni mirasy bolup durýar. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň dowamatlylygynyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu günki gün ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň belent nyşany, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň wysalydyr. «At - myrat» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrypdyr. Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi.

Çykyş edenler her ýylyň şygarynyň we nyşanynyň yglan edilmeginiň öňde boljak möhüm wezipeleri beýan edýändigini, şol bir wagtda-da, Täze ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň 2026-njy ýylyň Gündogar senenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly bolup gelenligi bilen hem baglanyşyklydygyny aýratyn nygtadylar.

Şonuň üçinem 2026-njy ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan agzybir türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mynasyp atlandyrylan bu ýyla Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen işleri amala aşyrmak, Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmak üçin uly jogapkärçilik duýgusy bilen gadam goýdy. Bu bolsa 2026-njy ýylda-da geçen ýylda hem bolşy ýaly, Watanymyzda ajaýyp üstünlikleriň gazanylyp, täze belent sepgitlere ýetiljekdiginiň buşlukçysydyr diýip, çykyş edenler buýsanç bilen aýtdylar. Bu bolsa ýylyň şygaryndaky “bedew batly at-myradyň mekany” diýilmegi bilen hem örän sazlaşykly utgaşýar.

Aslynda halkymyz ahalteke bedewlerine belent sarpa goýýar. Atlar asyrlarboýy, «behişdi bedewlerine” buýsanýan türkmen halkynyň wepaly dosty, hemişelik hemrasy bolupdyr. Türkmenler ençeme asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewlerine mähirlerini siňdirip, baş öwredipdirler. Olaryň ajaýyp sypatlaryny saklap kämilleşdiripdirler.

Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz halkyň bedewlerine bolan söýgüsini ýüregine ýakyn tutup, ahalteke tohum atlarynyň abraý-şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzyň atşynaslyk sungatyny ösdürip, dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek baradaky aladany döwlet syýasatynyň derejesine çykardy. Netijede, ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýy barha belende göterilýär. Munuň ýekeje bir mysaly hökmünde Milli Liderimiziň tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen ýyl, mundan öňki ýyllarda hem birnäçe gezek bolşy ýaly, Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolup, toparyň agzalaryna birnäçe baýraklaryň gowşurylandygyny, bu ajaýyp wakanyň hormatyna bolsa Arkadag şäherinde giň gerimli uly dabaranyň guralandygyny görkezmek bolar.

Şeýle hem dabaraly maslahatda bellenilip geçilişi ýaly, ahalteke bedewi türkmen tebigatynyň we adamzadyň yhlasynyň döreden gudratydyr. Munuň özi 2026-njy -- Täze ýylymyzyň mazmunyny emele getirmek bilen türkmen halkynyň taryhynda we ruhy dessurynda ahalteke bedewiniň esasy orun eýeleýändigini äşgär edýär. Bu bolsa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda has-da uly ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli ilkinji dabaraly maslahatyň Arkadag şäherinde geçirilýändigine oňa gatnaşyjylaryň ünsüni çekdiler. Ýylyň şygarynyň hormatyna ilkinji dabaraly maslahatyň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda—türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde gurlan täze Arkadag “akylly” şäherinde geçirilmeginde aýratyn many-mazmun bar. Bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär. Pudak üçin hünärmenleri taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, zehinli atşynasyň ady dakyldy. Munuň özi tejribeli halypalara, öz işine wepaly ussatlara ýurdumyzda goýulýan belent sarpanyň subutnamasydyr diýip, çykyş edenelr aýtdylar.

Şoňa görä-de, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek ugrunda möhüm wezipeleriň öňde durýandygyna üns çekildi. Şol wezipeleri berjaý etmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe-de ylymly-bilimli, işjeň adamlara uly ynam bildirýändigi, şol ynamy ödemegiň biziň her birimiziň möhüm borjumyzdygy barada aýdyp, çykyş edenler bu borjy berjaý etmekde ähli watandaşlarymyza uly üstünlikleri arzuw etdiler!

Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň hemişe sag, belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegi baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwly sözler çykyşlaryň ählisiniň içinden eriş-argaş bolup geçdi.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde berkarar Watanymyzyň bedew batly okgunly ösüşleri, şol ösüşlerde Milli Liderimiziň başlangyçlaryndan we binagärlik zehininden dörän täze Arkadag şäheriniň eýeleýän mynasyp orny, halkymyzyň agzybirligi we tutanýerli zähmeti bilen gazanylýan belent üstünlikler öz beýanyny tapdy.

Dabaraly maslahatyň ahrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňky habarlar
02.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.01
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow