Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Jemgyýet
Paýtagtymyzda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Çap edildi 06.01.2026
261

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýrak bilen ýurdumyzyň zehinli çagalary — ders olimpiadalarynyň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanylýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan guralýan, ýaş türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan bu bäsleşik her ýyl Watanymyzyň ähli künjeginden 18 ýaşa ýetmedik zehinli çagalaryň ýüzlerçesini bir ýere jemleýär. Şu ýyl ýörite diplomlara we ýadygärlik sowgatlara bäsleşigiň 99 gatnaşyjysy hem-de 4 sany döredijilik topary — “Joşgun” tans topary, “Galkynyş” çeper okaýyş topary, “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar hory, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler mynasyp boldy.

Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik gyşky dynç alyş möwsüminde, paýtagtymyzda Täze ýyl mynasybetli esasy dabaralaryň ýaýbaňlandyrylýan günlerinde geçirilýär. Bu ýyl bolsa Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda geçýän täze — 2026-njy ýylyň çäreleri bilen utgaşyp, çagalara ruhubelentlik hem-de şatlyk bagyşlady. Döredijilik bäsleşigi her ýyl ýurdumyzdan köp sanly täze zehinleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Olaryň birnäçesi çeper döredijilik bilen meşgullanyp, deň-duşlarynyň arasynda ykrar edilmäge mynasypdyr. Ýene birnäçeleriniň dürli bäsleşiklere gatnaşmakda ýeterlik tejribesi bar bolsa, başgalary mekdep olimpiadalarynyň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileridir. Olaryň içinde iň tapawutlananlary bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, ýaş nesilleriň iň arzyly arzuwlary hasyl bolýan bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň beden taýdan sagdyn, ruhy-ahlak taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen syýasatynyň aýdyň netijesidir. Zehinli ýaşlar bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň beýik geljegidir. Umumymilli hem-de halkara derejeli döredijilik bäsleşikleriniň guralmagy, ýurdumyzyň çagalar-ýetginjekler toparlarynyň halkara bäsleşiklere we festiwallara yzygiderli gatnaşmagy olaryň döredijilikli pikirlenmegini hem-de çeperçilik ukyplaryny ösdürmäge ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler, oňa ýaşlary giňden çekmek döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli üns merkezinde saklanylýan esasy ugur bolup durýar. Ýurdumyzda bedenterbiýe we Olimpiýa hereketi giňden wagyz edilip, halkara sport ýaryşlarynda Watanymyzyň abraýyny belende göterýän ýaş türgenleriň sany yzygiderli artýar. Geçen ýylyň dekabrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow halkara sport ýaryşlarynda, ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi dünýäde ata Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýan raýatlarymyzyň ýokary döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary çagalaryň abadançylygyny hem-de bagtyýarlygyny üpjün etmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmekleri üçin ähli şertleri döretmäge, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň geljegine ýokary jogapkärçilikli garaýan, onuň ösüşine goşant goşýan ogul-gyzlary terbiýelemäge gönükdirilendir. Ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, oba ýerlerinde döwrebap okuw tehnologiýalary, multimedia, interaktiw ulgamlar, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman bilim edaralary, medeni, aň-bilim, döredijilik merkezleri guruldy we şeýle gurluşyklar häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.

...Dabara gaýtalanmajak owazy bilen halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmez yz goýan Gulbabanyň döredijilik mirasyna bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen başlandy. Gysga ömri ýaşandygyna garamazdan, ol ussatlygyň ýokary derejesine ýetmek bilen, halkymyzyň söýgüsini gazanyp, milli aýdym-saz medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Wideoşekillerde milli medeni mirasymyzda orun alan aýdymlar ýaňlandy.

Çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda ýeňijileriň atlary yglan edildi. Olara gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Ýaş zehinler geljekde ylym-bilim giňişliginde ýurdumyzy dünýä tanatjak, döredijilik üstünlikleri bilen sungaty täze derejä ýetirjek, sportda gazanan ýeňişleri bilen özlerini ykrar etdirjek nesillerdir. Olaryň ýaş kalby döretmäge, özlerini ykrar etdirmäge bolan hyjuwdan, gözellikden we hoşniýetlilikden doly. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň ata Watanymyzy çäksiz söýýän, ýaşululary hormatlaýan, pederlerimiziň ruhy-ahlak ýörelgelerini, halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryny, mirasyny gorap saklaýan hakyky watansöýüjiler bolup ýetişmelidiklerini yzygiderli nygtaýarlar.

Asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary bolan Aýaz baba we Garpamyk çagalary mynasyp bolan baýraklary bilen tüýs ýürekden gutladylar. Türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyrýan çagalar dürli sahna çykyşlaryny görkezdiler. Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijileriniň ýerine ýetiren aýdymlary ýaş nesilleriň şatlyk-şowhunyna beslenen dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çagalar sungatyň dürli görnüşleri arkaly arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda bagtyýar çagalygy wasp etdiler.

Bäsleşigiň ýeňijileri öz çykyşlarynda parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany bolan ýurdumyzda okamaga, döredijilik we sport bilen meşgullanmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
07.01
2025-nji ýy­lyň de­kab­ry: Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ryn­dan ugur alyp
07.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.01
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di
07.01
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Karary
06.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
06.01
2026-njy ýylyň şygarynyň filosofiýasy we strategiýasy
06.01
Paýtagtymyzda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
06.01
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
05.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
05.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 324 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow