Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Giň gerimli gurluşyklar — milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň, halkyň abadan durmuşynyň nyşany
Teswirlemeler
Giň gerimli gurluşyklar — milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň, halkyň abadan durmuşynyň nyşany
Çap edildi 29.01.2026
43

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyl okgunly ösüşler bilen badalga aldy. Täze ýylyň 9-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalary tassyklanyldy. Olarda bellenilen möhüm wezipeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

2025-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyz: “Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak bilen, ykdysadyýetimiziň binýatlyk esaslaryny has-da berkidýäris. Ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär” diýip nygtady. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolan sarp edijilik isleginiň artmagyna getirýär.

Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň gurulmagy halkymyz barada edilýän hemmetaraplaýyn aladalaryň, ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlydygynyň aýdyň mysalydyr. Bu giň gerimli taslamalar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana atly täze obalar, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Olarda we açylmagy meýilleşdirilýän beýleki obadyr şäherçelerde ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.

Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde açylan Bitaraplyk şäherçesiniň çäginde 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, saglyk öýi, edara, durmuş we beýleki maksatly desgalar guruldy. Ýurdumyzda gurulýan durmuş maksatly desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, täze şäherçäniň bir we iki gatly jaýlarynda-da ýaşaýjylar üçin hemme amatly şertler bar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda Diýarymyzda öndürilen döwrebap gurluşyk we bezeg serişdelerinden peýdalanyldy. Jaýlardyr beýleki desgalara ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylyp, köçeleriň ugrunda, dynç alyş zolaklarynda dürli bag nahallary oturdyldy. Bu ýerde zerur inžener-tehniki, ýol we durmuş düzümleri hem guruldy. 160 orunlyk çagalar bagynda çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler bar. Döwrebap şäherçäniň 420 orunlyk umumybilim berýän mekdebinde ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagy, ruhy we beden taýdan sazlaşykly kemala gelmegi babatda zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle-de şäherçäniň çäginde 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriji gullugyň desgasy, seýilgäh bar. Söwda merkezinde harytlaryň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz şäherçäniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly açylan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly mysaly bolup durýandygyny belledi. Bu şäherçe «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Geçen ýylyň sentýabrynda Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy Ahal welaýatynyň ilaty üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bu ýerdäki oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary işlenip düzülende we gurlanda oba ilatyna mahsus bolan ähli aýratynlyklar göz öňünde tutulypdyr. Her bir jaýyň howlusynda hojalyk desgalary, mellek ýeri bar. Öýleriň bezeginde milli däpleriň we häzirki zaman binagärlik çözgütleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy ýaşaýjylar üçin ýokary amatlyklary üpjün edýär. Giň, ýagty otaglar hojalyk tehnikalary, aşhana ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilipdir. Ýaşaýyş jaýlarynyň, edara we durmuş maksatly desgalaryň töweregi döwrebap derejede abadanlaşdyrylypdyr. Döwrebap obada ýaş nesliň bilim almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Multimedia hem-de beýleki okuw serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan iki gatly umumybilim berýän mekdep, oýun meýdançalary bolan çagalar bagy bu ýerde gurlan desgalaryň hataryndadyr. Şeýle hem ýerli ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň berjaý edilmegi üçin saglyk öýi hereket edýär. Oňa ýanaşyk ýerde ýerleşýän dermanhanadan oba ýaşaýjylary zerur bolan derman serişdelerini alyp bilýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlan ähli döwrebap oba-şäherlerde bolşy ýaly, bu ýerde hem häzirki zaman ýol-ulag, aragatnaşyk düzümleri, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlary çekilipdir.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde dabaraly açylan täze oba halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň özboluşly beýany hökmünde “Bagtly zamana” diýlip atlandyryldy. Ol 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, saglyk öýüni, söwda merkezini, geňeşligiň edara binasyny we beýleki desgalary özünde jemleýär.

Türkmenistanda ýokary derejeli infrastruktura desgalary bolan şäherçelerdir obalar bilen birlikde, ähli sebitlerde, şäherlerde iri ýaşaýyş toplumlary hem gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylky mejlisinde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Döwlet serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde amatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Diýarymyzda möhüm seneleri we baýramçylyklary dürli maksatly desgalaryň, aýratyn-da, ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary bilen utgaşdyryp bellemek asylly däbe öwrüldi. Geçen ýylda hem şanly senelere gabatlanyp, ýurdumyzyň şäherlerinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi açyldy.

Ilata, hususan-da, goşmaça durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulan ýaş maşgalalar üçin hödürlenilýän ipoteka we sarp ediş karzlarynyň möçberi yzygiderli artýar. Türkmenistanda uzak möhletli, ýeňillikli esasda ýaşaýyş jaýlaryny karzlaşdyrmagyň dünýä tejribesine esaslanýan amatly ulgamynyň hereket edýändigi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm maksatlarynyň biri bolan ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýaşaýyş jaý, infrastruktura desgalarynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheri ähli babatda häzirki zaman şähergurluşygynyň nusgasydyr. Munuň şeýledigi daşary döwletleriň we halkara düzümleriň köp sanly güwänamalary bilen tassyklanyldy. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Onuň gurluşygy degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalary netijesinde ýokary depginde amala aşyrylýar.

10-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalarda işleriň barşy we gurluşygy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde geçirilen duşuşykda ikinji tapgyryň çäklerinde alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak, senagat kärhanalarynyň, lukmançylyk klasteriniň gurluşyklary bilen bagly meselelere garaldy. Oňa Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery», Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co., Ltd.», «Korea Meditech Co., Ltd.» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň birnäçe döwlet we hususy düzümleriniň, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky, Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Milli Liderimiz döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hilini we berkligini aýratyn gözegçilikde saklamalydygyny nygtady. Şunda gurluşyklaryň depgininiň ýokarlandyrylmagyna, işleriň häzirki zaman talaplaryna, dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Desgalary ýokary halkara ölçeglere laýyk derejede gurmak degişli desgalara we potratçylara döwletimiz tarapyndan bildirilýän möhüm talaplaryň biridir.

Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini enjamlaşdyrmak meseleleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda ýapon we koreý kompaniýalarynyň önümçilik kärhanalarynda oturdyljak enjamlaryň yzygiderli getirilmegi ugrunda zerur tagalla edýändikleri barada aýdyldy. Degişli kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň nygtaýyşlary ýaly, bu ýerde Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek ornaşdyrylýan enjamlaryň hili ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde lukmançylyk klasteri tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär. Şunda önümçilik işi ýurdumyzyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän tebigy çig mallaryndan peýdalanmagy ugur edinýär. Lukmançylyk klasterine ISO ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalaryň alynmagyna uly üns berilýär.

Umuman, ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap desgalarynyň üstüni ýetirjek ugurdaş toplumlar dünýä ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, şeýle hem “Arçman” şypahanasynyň 400 orunlyk goşmaça binalar toplumynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Ýakyn geljekde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň köpugurly hassahanasynyň, Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni täze lukmançylyk edaralarynyň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna beslendi. Mary welaýatynda inçekesel hassahanasy, paýtagtymyzda döwrebap saglyk öýi dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn işler milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejermekde öňdebaryjy tejribäniň giňden ornaşdyrylmagyna hem-de ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.

Milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, sanly ykdysadyýeti dolandyrmakda bilimi bolan ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Munuň özi durmuş syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Geçen ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumy dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Şeýle-de Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaça okuw binasy, umumy ýaşaýyş jaýy, sport toplumy açyldy. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşyklary güýçli depginde dowam edýär.

Kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerinde çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary gurlup ulanmaga berilýär. Olaryň iň täze okuw enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary, kompýuterler bilen üpjün edilmegi, internet ulgamyna, elektron kitaphana çeşmelerine elýeterliligiň döredilmegi öňdebaryjy talaplara laýyk gelýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklar Watanymyzyň okgunly ykdysady ösüşiniň we halkymyzyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň görkezijileriniň biridir. Iri döwlet we hususy maýa goýumlary arkaly goldanylýan bu gurluşyklar iş orunlaryny döredip, ykdysadyýetiň ugurdaş düzümleriniň ösüşine itergi berýär. 2025-nji ýylda Döwlet býujetiniň agramly bölegi önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň ösüşine gönükdirildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65,6 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 34,4 göterimi goýberildi. Munuň netijesinde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň kemala getirilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

Soňky habarlar
29.01
Giň gerimli gurluşyklar — milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň, halkyň abadan durmuşynyň nyşany
28.01
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
27.01
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
27.01
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.01
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow