Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
Jemgyýet
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
Çap edildi 21.03.2026
48

Şu gün Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny, durmuş dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy giňden bellenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan berekedi, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokarlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara bileleşigindäki at-abraýyny ýokary derejä çykardy. Bu gün bedew batly Bitarap döwletimizde Milli bahar baýramynda – Halkara Nowruz gününde bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, döredijilik toparlarynyň folklor-tans çykyşlary, şahyrlarymyzyň okaýan goşgulary Nowruz nagmalary bolup, bagtyýar halkymyzy täze sepgitlere ruhlandyrýar.

“Nowruz ýaýlasynyň” esasy girelgesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olarda Türkmenistanyň bedew batly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler wasp edildi.

Köpöwüşginli lybaslar, ähli ýerlerde ýaňlanýan aýdym-sazlar, tebigatyň janlanmagynyň hem-de durmuşyň täzelenmeginiň hormatyna guralýan, gadymdan gelýän bu dabaralaryň çuň many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar. Giň ýaýla şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna öwrüldi. Baýramçylyk dabaralaryna Hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Watanymyzyň ähli künjeklerinden bu ýere türkmenistanlylaryň köp sanlysy geldi.

Baýramçylyk mynasybetli “Nowruz ýaýlasynda” köp sanly ak öýleri, sekileri, öý haýwanlary saklanylýan agyllary, atarylan gazanlary öz içine alýan gadymy türkmen obasy kemala getirildi. Medeniýetleri özara baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde dörän we adamzadyň ösüşine uly goşant goşan gadymy türkmen şäherleriniň keşbi hem sazlaşykly utgaşdyrylypdyr.

Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde owadan bezelen hiňňildikler gurnaldy. Hiňňildiklerde uçmak ruhy taýdan päklenmek hasap edilýär. Bu adat Nowruz baýramynda täze ýyla täze gujur, nurana niýetler bilen gadam basmaga mümkinçilik berýär. Baharyň gelmegi bilen, töweregimizdäki hemme zat gözümiziň alnynda özgerýär, toprak ýaşyl lybasa bürenýär. Bu gözel künjekde türkmen baharynyň gözelligi has aýratyn duýulýar. Tebigatyň gözelligi, Köpetdagyň dag etekleriniň ösümlikleriň we ilkinji gülleriň ysy bilen bark urýan arassa howasy ynsany ruhlandyrýar. Nowruzyň öň ýanynda türkmen topragyna ýagan bereketli ýagmyr daş-töweregi ýaşyl begrese büredi. Ýaşyl baýyrlaryň üstünde ajaýyp ahalteke atlaryny we olaryň çapyksuwarlaryny görmek bolýar. Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ajaýyp ahalteke atlarymyzyň gözelligine bagyşlanan amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserlerine, at esbaplaryna we zergärçilik önümlerine aýratyn orun berlipdir.

“Nowruz ýaýlasynyň” girelgesinde myhmanlar duz-çörekli garşylandy. Çagalaryň ýerine ýetiren goşgulary aýratyn täsirli boldy.

Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň, tutuş tebigatyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. “Nowruz” sözüniň manysy hem “täze gün” diýmegi aňladyp, bu günüň säherinde dogýan Güni ýüze sylyp, ýagşy arzuwlar bilen garşylamak asylly däbe öwrülipdir.

Nowruz baýramy ynsanyň kalbynda hem aňynda ýagşy häsiýetleri, hoşniýetli duýgulary terbiýeleýär, daşky gurşawa, tebigata uly söýgi döredýär. Bu baýramyň taryhy kökleri Gündogaryň meşhur akyldarlarynyň şahyrana eserlerinde giňişleýin beýan edilýär. Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, bu milli baýram häzirki wagtda hem jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, halklary dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere, parahatçylyga çagyrýar. Şunuň bilen baglylykda, giň gerimli dabaralarda dünýä halklarynyň aýdym-saz, tans sungatyna, milli däplerine bagyşlanan çykyşlara möhüm orun berildi. Küştdepdi tansy ýurdumyzda bellenilýän ähli dabaralaryň bezegi hökmünde hemmelere uly ruhubelentlik bagyşlaýar.

Bu ýerde gadymyýetiň meşhur alymlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän gadymy türkmen topragynyň dünýä beren gymmatlyklaryna, şol sanda ahalteke atlaryna bagyşlanan döredijilik kompozisiýasy ýaýbaňlandyryldy. Teatrlaryň artistleri Gündogaryň gadymy şäherlerine we gyzgalaňly bazarlaryna mahsus durmuşy täsirli janlandyrdylar.

Halyçylyk türkmen zenanlarynyň döredijilik zehinini özünde jemleýän we müňýyllyklaryň dowamynda dünýäni haýrana goýýan gadymy sungatdyr. Häzirki döwürde bu sungat beýleki gymmatlyklarymyz ýaly, täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Dabara gatnaşyjylar türkmen zenanlarynyň döredýän ajaýyp sungat eserleri – haly, keşdeçilik, dokma we keçe önümleriniň taýýarlanyşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Ýeri gelende bellesek, türkmen milli halyçylyk we keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir.

Gyz çykarmak, ogul öýermek bilen bagly toý däpleri halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegini emele getirýär. Baýramçylygyň çäklerinde milli toý däp-dessurlary ýaýbaňlandyryldy. Türkmen halky ir döwürlerden bäri şatlykly günlerini we möhüm seneleri uludan toý tutup, dabaralandyryp gelipdir. Mälim bolşy ýaly, her bir toýuň hem öz aýratynlyklary bolup, olar kem-kemden durnukly däp-dessurlara öwrülip gidipdir. Toýlarda ýerine ýetirilýän dessurlar pederlerimiziň ruhy dünýäsiniň baý mazmunly bolandygyna güwä geçýär.

Bagşylaryň aýdýan aýdymlary, çalýan şirin owazlary şol toýlaryň esasy bezegidir. Müňýyllyklaryň dowamynda dutar türkmen halkynyň ruhlandyryjysy boldy. Bu milli saz guralynyň özboluşly owazy özygtyýarly döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň, parahatçylyk söýüjiligiň, abadançylygyň, dost-doganlygyň senasyna öwrüldi. “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylan çykyşlar dünýä mirasy hökmünde ykrar edilen milli bagşyçylyk sungatynyň esaslarynyň üýtgewsizdigini, sazandalaryň we türkmen dessançylarynyň, bagşylarynyň nesilleriň hem-de döwürleriň arabaglanyşygyny emele getirýändigini, olarda halkymyzyň watansöýüjilik ruhunyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň jemlenýändigini görkezdi.

Türkmen toýy bolelinligiň we sahylygyň baýramydyr. Şunda dürli ýaryşlary guramak, baş baýrak goýmak toýlary gaýtalanmajak şüweleňe besleýär. Dabaranyň dowamynda emin ýurdumyzyň çar künjeginden gelen pälwanlaryň tutluşygyny yglan edýär. Baýramçylyk ruhuny belende göterýän pälwanlaryň inçelik bilen göreşe erk edişleri çuňňur gyzyklanma eýe boldy. Dabaranyň dowamynda çagalar milli oýunlary görkezdiler. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda tebigy aýratynlyklaryna laýyklykda döreden milli oýunlary ösüp gelýän ýaş nesli akyl, ahlak, beden taýdan terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanda geçirilýän milli baýramçylyklary ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ökde çapyksuwarlarsyz göz öňüne getirmek kyndyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hemmeler üçin hakyky sowgat boldy. Bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhurdyr. “Galkynyş” topary köp sanly halkara festiwallaryň baýraklarynyň eýesidir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem toparyň daşary ýurtlarda birnäçe çykyşlarynyň guralmagy, abraýly bäsleşiklere gatnaşmagy meýilleşdirildi.

Şu ýylyň başynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy şanly ýylyň ähmiýetini artdyran möhüm waka boldy. Sebäbi ahalteke atlarynyň gözelligi, asylly keşbi, syrdamlygy we ýyndamlygy, türkmen ýigitleriniň at çapmakda ussatlygy, ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleri tomaşaçylarda hemişe aýratyn täsir galdyrýar.

Behişdi bedewleriň mekany bolan Türkmenistanda milli seýisçilik sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, häzirki döwürde onuň gadymy däplerini wagyz etmek hem-de dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň behişdi bedewlere uly sarpa goýýandygy at esbaplarynyň, we şaý-sepleriniň nepislik bilen ýasalyşynda hem özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Olar şu güne çenli ahalteke atlarynyň özboluşly bezegi bolmagynda galýar. Türkmen halkynyň milli senetleriniň hatarynda demirçilik we küýzegärlik, zähmet gurallaryny, at esbaplaryny, saz gurallaryny, keçe önümlerini taýýarlamak we beýlekiler bar. Olarda senetçileriň zähmetsöýerligi, zehini, döredijilik mümkinçilikleri öz beýanyny tapýar.

“Nowruz ýaýlasynda” ownuk we iri şahly mallaryň dürli görnüşlerini synlamak bolýar. Giň sähradaky dowarlaryň goragçysy alabaýlar milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olary ösdürip ýetişdirmegiň däpleri dünýäniň gymmatly mirasy hökmünde geçen ýyl ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyzyň üstüni ýetirdi.

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ony goramak ählumumy abadançylygyň gözbaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň yzygiderli geçirilip, müňlerçe bag nahallarynyň oturdylýandygyny bellemek gerek. Netijede, seýilgähleriň we baglaryň sany ýylsaýyn artýar, ynsan eli bilen döredilen tokaý zolaklarynyň meýdany giňeýär. Türkmenistanda daşky gurşawy goramak, biodürlüligi saklamak, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ekologik taýdan arassa, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin görülýän giňişleýin çäreler ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň öňünde durýan derwaýys meseleleriň çözülmegine anyk goşant goşup, Türkmenistan howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň netijelerini ýeňip geçmek bilen baglanyşykly halkara başlangyçlary hem öňe sürýär.

“Nowruz ýaýlasynyň” meýdançasynda milli tagamlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ol saçaklaryň dürli naz-nygmatlardan dolulygy, şol ýerde iň gowy aşpezler tarapyndan taýýarlanan milli tagamlaryň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Aşpezçilik sungatynyň ussatlary myhmanlara dürli tagamlary hödür etdiler.

Umuman, “Nowruz ýaýlasyndaky” dabaralar diňe bir dynç almak üçin däl, eýsem, milli mirasymyzyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmak üçin giň şertleri özünde jemleýän baýramçylykdyr.

Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň dowamynda aýdym-sazlar, tans we halk döredijiligi eserleri, mähriban Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly üstünliklerimizi wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi. Halk sazlary, aýdymdyr tanslar döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşdy. Munuň özi nesilleriň we döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, türkmen sungatynyň gülläp ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Konsert tamamlansa-da, “Nowruz ýaýlasyndaky” baýramçylyk, şeýle hem tutuş ýurdumyzda dabaralar dowam etdi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda, Arkadag şäherinde hem geçirildi. Milli Bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde badalga alan baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler raýatlarymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar. Onda merdana türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasynyň köpöwüşginliligi, ýokary döredijilik ruhy, päk garaýyşlary öz beýanyny tapýar.

Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, ajaýyp Nowruz baýramy häzirki wagtda-da jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, hemmelere şatlyk we ylham paýlamagyny dowam edýär, dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere çagyrýar.

Soňky habarlar
21.03
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
21.03
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
21.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
21.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
20.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
20.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusy
20.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
20.03
«Türkmengaz» döwlet konsernine Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
20.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
top-arrow