Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berildi
Ykdysadyýet
Ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berildi
Çap edildi 25.03.2026
2980

Düýn tutuş ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler.

Hormatly Prezidentimiz 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 25-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan ekişe “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş edip, edermen pagtaçy babadaýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Halkymyzyň asylly däbine görä, il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan halkymyzyň abadançylygyny, Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny dileg edip, ekin meýdanlaryna ilkinji gowaça tohumlaryny atdylar. Soňra ýaşulular bu işi mehanizatorlara geçirdiler.

Ýurdumyzyň oba hojalygynyň ileri tutulýan ugry bolan pagtaçylyk pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önüm öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet tarapyndan amala aşyrylýan düýpli özgertmeler esasynda ekerançylar dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalary, ýokary hilli tohumlar, zerur mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Bu bolsa agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegine, bereketli hasylyň ygtybarly binýadynyň tutulmagyna şert döredýär.

Ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, her sebitiň toprak-howa aýratynlyklaryna laýyklykda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, seçgiçilik ylmynyň soňky gazananlary esasynda gowaçanyň tiz ýetişýän, zyýankeşlere çydamly, süýüminiň hili ýokary bolan täze sortlary ekin dolanyşygyna girizilýär. Pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk serişdeleriň halkara standartlara laýyklykda taýýarlanylmagy pudagyň önümçilik kuwwatynyň durnukly artmagyny üpjün edýär. Gowaçanyň täze sortlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy öndürilýän önümiň möçberini artdyrmakda we hilini ýokarlandyrmakda esasy şert bolup durýar. Ýokary hilli, bol hasylly gowaça sortlaryny döretmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak pudagy ösdürmekde öňde goýlan möhüm talapdyr. Bu ugurda Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda degişli işler alnyp barylýar.

Ösdürilip ýetişdirilýän pagta hasyly Türkmenistanyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal binýadyny üpjün edýär. Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli pagta süýümi dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Häzirki wagtda döwrebap dokma toplumlarynda öndürilýän taýýar önümler ekologik taýdan arassalygy, ýokary hili bilen tapawutlanýar. Munuň özi pagtaçylyk pudagynyň diňe bir oba hojalygynyň däl, eýsem, tutuş ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda-da wajyp ähmiýete eýedigini aýdyň görkezýär. Şu ýyl hem ýurdumyz boýunça müňlerçe gektar meýdana gowaça ekiler we ondan alynjak hasyl dokma kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegine, eksport mümkinçilikleriniň has-da artmagyna ýardam eder.

Suw serişdelerini netijeli ulanmak meselesi üns merkezinde saklanýar. Ekiş geçirilýän meýdanlarda suw tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalar, şol sanda damjalaýyn suwaryş ulgamlary giňden ornaşdyrylýar. Bu çemeleşme her sebitiň özboluşly howa şertlerinde ýokary hasyl almaga, topragyň hasyllylygyny saklamaga, suwy tygşytly sarp etmäge mümkinçilik berýär.

...Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda aýdym-sazly dabaralar guraldy. Olaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Welaýatlaryň aýdym-saz, folklor-tans toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçiler üçin ajaýyp döredijilik sowgady boldy. Bereketli türkmen topragynda düýbi tutulan täze hasyl halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşar.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow