Syýasy durnuklylyk, ýurduň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ajaýyp netijeleridir. Geçen hepdäniň wakalary hem Türkmenistanyň innowasion ösüşini, ähli ugurlardaky gazananlaryny, ilaty durmuş taýdan goldamagyň ýokary derejesini, demokratik esaslaryň berkidilmegini, halkymyzyň ruhy we maddy gymmatlyklarynyň has-da baýlaşdyrylýandygyny aýdyň görkezdi.
27-nji martda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek, intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmek, gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, oba hojalyk toplumynyň işini kämilleşdirmek, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, döwrebap logistika düzümini kemala getirmek ýaly meseleler bar. Şeýle-de 31-nji martda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.
Şu ýylyň aprel aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek esasy çäreler hakynda habar berildi. Mundan başga-da, “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergini, “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisini we maslahaty, ýurdumyzda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen degişli teklipleri goldady we birnäçe resminama gol çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolmagy mynasybetli döwlet Baştutanymyz ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, käbir halkara guramalaryň wekillerini Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” hem-de şu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklaýan Karara, Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi.
28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde gaznanyň esaslandyrylan gününden bäri geçen bäş ýylyň dowamynda ýaş nesilleriň saglygyny goramak babatda bitiren işleri, hemaýata mätäç çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna doly gatnaşmaklaryny üpjün etmek, daşary ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça durmuşa geçirilen çäreler, pederlerimizden miras galan ynsanperwer ýörelgelere ygrarlylyk, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlyk, şeýle hem gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýaşlary milli ruhda terbiýelemek boýunça alyp barýan işleri baradaky hasabatlar diňlenildi.
Gahryman Arkadagymyz gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, haýyr-sahawat we ynsanperwerlik kömeklerini bermek üçin hasaba gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk, netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň wajypdygy barada aýtdy. Şeýle-de haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň kanunçylyk binýadyny berkitmegiň, onuň amala aşyrýan işlerini halkara derejede giňden wagyz etmegiň zerurdygy bellenildi.
29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäre “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.
Hormatly Prezidentimiz şanly sene mynasybetli iberen Gutlagynda: “Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändigini görkezýär” diýip nygtady.
Arkadag şäherinde geçirilen dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, haýyr-sahawat gaznasy esaslandyrylan gününden bäri ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny berkitmäge, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine işjeň ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň goldawy we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda çagalar baradaky alada hemişe üns merkezinde saklanylýar. Döwletimiz ýaşlaryň saglygyny goramaga, olaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşine jemgyýetiň durnukly ösmeginiň iň möhüm şerti hökmünde garaýar hem-de bu ugurda toplumlaýyn çäreleri yzygiderli amala aşyrýar.
Dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary bilen dowam etdi. Şanly waka mynasybetli ýaýbaňlandyrylan konsertde teatr artistleriniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň, çagalar tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazly edebi kompozisiýasy täsirli pursatlara baý boldy. Ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspnamasyna öwrülen aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.
Tutuş ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine badalga berilmegi geçen hepdäniň wajyp wakalarynyň biri boldy. Halkymyzyň asylly däbine görä, il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan halkymyzyň abadan durmuşyny, Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny dileg edip, ekin meýdanlaryna ilkinji gowaça tohumlaryny atdylar. Soňra ýaşulular bu işi mehanizatorlara geçirdiler. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň sergileri, aýdym-sazly dabaralar ýaýbaňlandyryldy.
Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde “Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly işewürlik maslahaty geçirildi. Degişli düzümleriň wekilleri, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze gurallaryny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Hususan-da, ählumumy söwda giňişligine goşulyşmagyň, milli ykdysadyýetleri halkara standartlara uýgunlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwdany we maýa goýumlary artdyrmakda işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan mejlisde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen baglanyşykly meselä aýratyn üns berildi. Forumda ulag-logistika baglanyşygyny berkitmek meselesine uly gyzyklanma bildirildi. Gümrük gulluklarynyň, ulag assosiasiýalarynyň wekilleri gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, logistika sanly çözgütleri ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ulag infrastrukturasyny Ýewropanyň ählumumy ulag geçelgeleri ulgamy bilen utgaşdyrmagyň möhümdigi tassyklanyldy. Üçünji mejlis “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlandy.
Forumyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmäge, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň wekilleriniň ýewropaly hyzmatdaşlar bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda geljekki bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aşgabatda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň zenanlaryň hukuklary we gender deňligi ulgamyndaky halkara borçnamalaryny, degişli halkara konwensiýalaryň düzgünlerini yzygiderli ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işlerine üns berildi. Maslahatyň dowamynda gender deňligini pugtalandyrmakda alnyp barylýan işleri giňeltmek, zenanlaryň hukuklaryny goramagyň milli usullaryny kämilleşdirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada pikir alşyldy. Şunda gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň nobatdaky tapgyryny (2026 — 2030-njy ýyllar) durmuşa geçirmäge degişli soraglara aýratyn üns çekildi.
Forumda gender deňligini, zenanlaryň hukuklaryny ilerletmekde halkara kanunçylyk kadalarynyň esaslary, olaryň ýerine ýetirilmeginde parlamentarileriň orny bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maksatlaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde parlamentarileriň eýeleýän orny we öňde duran wezipeler baradaky pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine aýratyn ähmiýet berildi.
Paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli “Ynsanperwerlik ýoly” ady bilen halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ), Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň we Gyzyl Haç hem-de Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, dürli ýurtlaryň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda halkara ynsanperwer guramalar bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garaldy.
Daşoguz şäherinde ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal ýurdumyzyň medeni durmuşynda ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Açylyş dabarasynda çykyş edenler täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda milli medeniýetimizi dünýäde wagyz etmek, onuň gymmatlyklaryny adamzadyň medeni mirasynyň hazynasyna goşmak bilen bagly durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada durup geçdiler. Şunda halk aýdymlarynyň, şol sanda dessanlaryň ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekdäki ähmiýetine üns çekildi.
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Dilewar geňeşliginiň Altyn ýol oba medeniýet öýünde geçirilen «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahatda bagşyçylyk we dessançylyk sungatynyň ösüşi, häzirki zaman usullary bilen baýlaşdyrylyşy baradaky çykyşlar diňlenildi. Dessançylyk ýolunyň ussat halypalary, türkmen dessanlarynyň kino sungatyndaky orny, olaryň aýdylyş usullary barada giňişleýin gürrüň edildi. Festiwalyň çäklerinde ussat dessançylara bagyşlanan döredijilik duşuşygy, ussatlyk sapaklary, welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Bagşylar muzeýine, Aşyk Aýdyň piriň ýadygärligine gezelençler guraldy, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan sahnalaşdyrylan «Goly sazly, tili sözli Görogly» atly sahna oýnuna tomaşa edildi.
Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahatynyň gün tertibine degişli düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler girizildi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini seljermek maslahatda garalan esasy meseleleriň biri boldy. Maslahatyň dowamynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iň göreldeli kazyýeti” atly bäsleşigiň jemleri yglan edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň kazyýetleriniň arasynda “Iň göreldeli kazyýet” we birinji basgançakly kazyýetleriň kazylarynyň arasynda “Iň göreldeli kazy” atly bäsleşikleri yglan etmek meselesine seredildi.
Geçen ýekşenbe güni geçirilen täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň ýerine, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary türkmen jemgyýetini we döwletini demokratiýalaşdyrmak işini ulgamlaýyn çuňlaşdyrmagyň nobatdaky tapgyry boldy. Saýlaw uçastoklarynda ses bermek onlaýn görnüşde ýaýlyma berildi. Isleg bildirýänler onlaýn görnüşde merkezi saýlaw toparynyň web saýtynda saýlawlaryň geçişine syn etmäge mümkinçilik aldylar. Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Milli synçylaryň gatnaşmagynda geçirilen saýlawlar ýurdumyzyň demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň hem-de hakyky halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagynyň aýdyň mysalyna öwrüldi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezip, türkmenistanlylaryň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň baş maksadydygyny tassyklady.