Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Jemgyýet
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Çap edildi 31.03.2026
1385

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlenildi, tassyklanyldy we yglan edildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, degişli iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde bellenilişi ýaly, saýlawlar giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasy ugra ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Bu strategiýa döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, milli saýlaw kanunçylygynyň talaplaryna, umumy ykrar edilen halkara standartlara laýyklykda guraldy. Möwsümiň dowamynda we saýlawlaryň geçirilen gününde saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezmegi şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň häsiýetli aýratynlygy boldy.

Mejlisiň dowamynda welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň saýlawlaryň netijeleri barada hasabatlary diňlenildi. Saýlaw kodeksine laýyklykda we demokratik standartlara esaslanyp, saýlaw okruglarynyň 363-sinde degişli saýlaw toparlary tarapyndan dalaşgärleriň 759-sy hasaba alyndy. Ähli saýlaw okruglarynda her bir orun üçin iki ýa-da ondan köp dalaşgär bäsleşdi. Mejlisiň gün tertibindäki esasy meselä — saýlawlaryň gutarnykly netijelerini jemlemek, tassyklamak hem-de yglan etmek meselesine üns çekilip, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saýlaw toparlarynyň teswirnamalaryndaky maglumatlara esaslanyp, ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda 285 dalaşgärden 140-synyň, Mejlisiň deputatlygyna saýlawlarda 14 dalaşgärden 5-siniň, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda 9 dalaşgärden 3-siniň, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda 25 dalaşgärden 12-siniň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda 426 dalaşgärden 203-siniň saýlanandygy yglan edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar saýlawlaryň geçirilişine syn eden milli synçylaryň işini, saýlawlaryň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilendigini bellediler. Şeýle-de saýlaw möwsüminiň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ilaty saýlawlar baradaky maglumatlar bilen üpjün etmekde netijeli işleri alyp barandyklary, oňa jogapkärli gatnaşandyklary nygtaldy. Saýlaw uçastoklarynyň ählisiniň döwrebap aragatnaşyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy esasynda maglumatlaryň Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara öz wagtynda iberilmegi üpjün edildi. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň netijeleri gysga wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetiriler.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar saýlawlaryň ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilendigini tassykladylar.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow