Baş sahypa
\
Sport
\
Olimpiýa şäherjiginiň welotregi ýokary derejeli ýaryşlara taýýardyr
Sport
Olimpiýa şäherjiginiň welotregi ýokary derejeli ýaryşlara taýýardyr
Çap edildi 09.02.2017
2592

Döwlet Baştutanymyzyň Olimpiýa şäherjiginde bolmagynyň barşynda welotregiň ýodajyklarynda welosiped sürüldi. Bu ýerde göz öňünde tutulan şertler halkara ýaryşlary we bäsleşikleri, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Welotrekde 6 müň orunlyk münberler bar. Bu ýerde zerur bolan düzümleriň ählisi göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi türgenler we tälimçiler, tehniki hem-de hyzmat edýän işgärler we elbetde, janköýerler – welosportuň muşdaklary üçin iň gowy şertleri döredýär. Desganyň hiline diňe bir synag milli ýaryşlara gatnaşyjylar däl, eýsem Halkara welosipedçiler birleşmesiniň hünärmenleri hem ýokary baha berdiler. Olimpiýa şäherjiginiň düzümine ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýän dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragy girýär. Sport desgalaryň birnäçesinde eýýäm synag ýaryşlary, şol sanda sambo, jiu-jitsu, türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatlary, şeýle hem tennis, ýeňil atletika we basketbol boýunça halkara ýaryşlary geçirildi. Munuň özi türkmen türgenleri üçin Aziada taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry boldy. Şu ýylyň aprel aýynda bu ýerde sport ýaryşlarynyň birbada üçüsi – agyr atletika we kikboksing boýunça Aziýanyň çempionatlary, şeýle hem suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşy geçiriler. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň talaplaryna laýyklykda geçirilýän synag ýaryşlary paýtagtymyzdaky sport şäherjiginiň desgalarynyň ygtybarlylygyny, olaryň V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk derejesini barlamaga mümkinçilik berýär Türkmenistan ýurdumyzyň sportuny höweslendirmek we goldamak meselelerine aýratyn üns bermek bilen halkara sport hereketini ösdürmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýar. Munuň özi bolsa halklaryň ýakynlaşmagynyň, dünýäde parahatçylyk, dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Öňümizdäki Aziada-2017 hem şu maksatlara hyzmat etmelidir.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow