Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň ýygyndy topary sambo boýunça Belarusyň açyk çempionatyna gatnaşar
Sport
Türkmenistanyň ýygyndy topary sambo boýunça Belarusyň açyk çempionatyna gatnaşar
Çap edildi 09.02.2017
2614

Türkmen samboçylary Belarus Respublikasynyň açyk çempionatyna gatnaşarlar. Bu ýaryşa 16 ýurtdan – Russiýadan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Gresiýadan, Ysraýyldan, Slowakiýadan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden 200-den gowrak türgen gatnaşar. Biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde 18 erkek türgen we 8 zenan çykyş eder. Bu ýaryşlara halkara derejeli sport ussady, Rio-de-Janeýro (Braziliýa) şäherinde geçirilen Olimpiada-2016-a gatnaşyjy Gülbadam Babamyradowa, Koreýa Respubilkasynyň Inçihon şäherinde geçirilen Aziada-IV-iň ýeňijisi Nuraly Ýalkabow we beýleki belli türgenler gatnaşarlar. Ozal Minskide geçirilen ýaryşlarda türkmenistanlylar jemi alty medala – bir aldyn, iki kümüş we üç bürünç medala eýe boldular. Şunda finalda 68 kilogarma çenli agram derejesinde 14 türgeniň arasynda Aşgabatdan iki türgen – Abdylla Babaýew we Ylýas Mömünow çykyş edip, degişlilikde altyn we kümüş medala mynasyp boldular. Sambo boýunça geçen ýylyň maý aýynda Olimpiýa şäherjiginde geçirilen Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary umumytoparlaýyn hasapda birinji orna eýe bolup, jemi 66 medala – 21 altyn, 26 kümüş we 19 bürünç medala mynasyp boldular.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow