Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Dünýäniň dokma senagatynyň öňdebaryjylary Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkada
Ykdysadyýet
Dünýäniň dokma senagatynyň öňdebaryjylary Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkada
Çap edildi 04.06.2026
23

Şu gün Söwda-senagat edarasynda “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Giň gerimli sergi milli ykdysadyýetimiziň dokma pudagynyň mümkinçilikleri, öňdebaryjy gazananlary, täze önümleri bilen tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge amatly şertleri döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan dokma senagatynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler syýasatynyň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär hem-de oňa öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň dünýä bazarynda uly gyzyklanma eýe bolan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmekleri üçin wajyp binýatdyr. Diýarymyzyň amatly toprak-howa şertleri dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän orta we inçe süýümli pagtany senagat möçberinde gaýtadan işlemäge giň mümkinçilikleri döredýär. Pudak üçin möhüm çig mal bolan pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin döredilýän amatly şertler dokma senagatynyň önümçiliginiň görnüş we möçber babatda has-da artmagyny şertlendirýär.

...Irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Turkmentextile Expo — 2026” halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Gutlagda nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde dokma pudagyny ösdürmekde halkymyzyň milli mirasyna, asylly däp-dessurlaryna we çeperçilik ýörelgelerini döwrebap tehnologiýalar, innowasion ösüş bilen sazlaşykly utgaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu çemeleşme türkmen dokma önümleriniň milli özboluşlylygyny saklamaga, olaryň çeperçilik gymmatyny has-da baýlaşdyrmaga hem-de halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz halkara sergi-ýarmarkanyň işiniň netijeli geçjekdigine, ýurdumyzyň dokma senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra ýygnananlar sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar bilen tanyşdylar. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalarynyň, daşary ýurtlardan dokma enjamlaryny, dokma senagaty üçin boýag hem-de himiki serişdeleri, çig mal, gaplaýjy we önümçilik serişdelerini öndüriji, üpjün ediji kompaniýalaryň 100-e golaýy diwarlyklary bilen gatnaşýar.

Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda bu pudakda ýetilen sepgitler giňden beýan edilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologik enjamlar ornaşdyrylan döwrebap dokma kärhanalary guruldy. Hereket edýän iri dokma toplumlary, pagta egriji we tikinçilik fabrikleri, piläni gaýtadan işleýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri ekologik taýdan arassa çig maldan ýokary hilli önümleri öndürip, döwletimiziň eksport mümkinçilikleriniň has-da artmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Ýakynda ýurdumyzyň pileçileri 2 müň 100 tonnadan gowrak pile taýýarlap, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Munuň özi oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmek, pudagy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň oňyn netije berýändigini görkezýär.

Sergide ýurdumyzyň birnäçe dokma kärhanalary bilen bir hatarda, Aşgabadyň we Baýramalynyň dokma toplumlary-da dürli görnüşli önümlerini hödürleýärler. Milli dokma kärhanalarymyz möwsüme görä öndürýän önümleriniň görnüşlerini yzygiderli artdyryp, sarp edijileriň barha ösýän isleglerini kanagatlandyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, “Nusaý”, “Bedew”, “Gala”, “Bürgüt” haryt nyşanly, tomus, güýz möwsümine laýyklykda taýýarlanylan egin-eşikler sergä gatnaşýanlaryň ünsüni çeken esasy harytlar boldy. Bu önümler ekologik taýdan arassalygy, ynsan bedenine ýakymlylygy, berkligi, gelşikliligi bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtly alyjylaryň arasynda hem uly isleg-den peýdalanýar. Ruhabat dokma toplumy boýalan we boýalmadyk nah matalaryň, ýaglyklaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan Babadaýhan, Kaka dokma toplumlary daşary ýurtlarda öndürilýän harytlar bilen mynasyp bäsdeşlik edýän ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýdular. “Mäne”, “Jeýtun” haryt nyşany bilen öndürilýän önümler görnüşleri babatda tapawutlanýar. Şeýle-de sergide Aşgabadyň panbarhat fabriginiň ýüpek matalary, “Ýeňiş” tikin fabriginiň erkekler we çagalar üçin köýnekleri, “Ahal” tikinçilik birleşiginiň, “Bahar” tikin önümçilik birleşiginiň önümleri tanyşdyryldy. Şunuň bilen bir hatarda, birnäçe kärhanalar ýüplük önümçiligi, dokma senagatynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça mümkinçiliklerini görkezýärler. Ýurdumyzyň dokma senagatynda gazananlary, önümleriň baý görnüşleri “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň sergi diwarlygynda aýdyň beýanyny tapýar.

Milli nusgada özboluşly bezelen diwarlyklarda dokma önümçiliginiň arassa çig maldan ýokary hilli ýüplük işläp taýýarlamakdan pagtadan we ýüpekden taýýar önümleriň çykarylmagyna çenli ähli tapgyrlary bilen tanyşmak mümkin. Şol önümler dünýä bazarynda daşary ýurtly önüm öndürijileriň önümleriniň hili we bezelişi bilen bäsleşmäge ukyplydyr. Bu ýerde nah ýüplügiň, matalaryň nusgalary, olardan tikilen taýýar egin-eşikler — erkekler üçin köýnekler, çagalar we ululara niýetlenen trikotaž toplumlarynyň dürli görnüşleri, şol sanda häzirki zaman modasyna laýyklykda işlenip taýýarlanan, sport we dynç alyş wagtynda geýmäge niýetlenen jins önümleri görkezilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, “Batly gadam”, “Gök saraý” hususy kärhanalarynyň, “Beg Ýüpek”, “Altyn Süýüm” hojalyk jemgyýetleriniň nah ýüplügi gaýtadan işlemek arkaly öndürýän önümleriniň görnüşlerini artdyrýandyklaryny bellemek gerek. Ýurdumyzyň telekeçileri diňe bir tebigy çig mala esaslanýan däl, eýsem, öňdebaryjy tehnologiýalary, tejribeleri ornaşdyrmak bilen, döwrebap önümçilik toplumlarynyň döredilmegine-de işjeň gatnaşýarlar. “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň görkezýän halylary nepisligi bilen tapawutlanýar. Birnäçe kärhanalar önümçilik we iş lybaslarynyň, esbaplaryň giň toplumyny hödürleýär. “Däp” kärhanasy döwrebap biçüwde, häzirki zaman dizaýn usullarynda taýýarlanylan geýimlerini, beýleki önümlerini görkezýär.

Sergide aýakgaplary we deriden esbaplary öndürmekde telekeçileriň gazanan üstünliklerine möhüm orun berlipdir. “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti, “Röwşen” hususy kärhanasy, Gökdepäniň gön zawody bu babatda esasy orny eýeleýärler. Olar häzirki döwrüň öňdebaryjy meýillerine eýermek bilen, arassa deriden taýýarlanan aýakgaplaryndan daşgary, barha ösdürýän aksessuar önümçilikleriniň nusgalaryny hem görkezýärler.

Pudagyň kärhanalaryndaky önümçilik-tehniki binýady täzelemek we içerki tebigy çeşmeler esasynda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça daşary ýurtlaryň iri önüm öndürijileri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzyň geljegi uly dokma pudagynda bilelikde iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtamak zerur. Şu gezekki sergä dokma enjamlaryny, boýaglary öndürmek babatda öňdebaryjy kompaniýalaryň birnäçesiniň gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Şolaryň hatarynda Italiýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň iri kompaniýalarynyň diwarlyklary serginiň esasy bölegini emele getirýär. Şunuň bilen bir hatarda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Pakistanyň, Hindistanyň dokma senagaty üçin zerur enjamlary, himiki serişdeleri öndürýän kompaniýalary hem okgunly ösýän türkmen bazarynda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar. Kompaniýalaryň nah matadan, tebigy bolmadyk serişdelerden hem-de olaryň garyndysyndan taýýarlaýan önümleri uly gyzyklanma döredýär.

Dokma önümleri diňe bir adamyň üst-başynyň däl, eýsem, öý we iş ýerleriniň hem özboluşly bezegi bolup durýar. Halkara sergi-ýarmarka öý bezegine degişli dokma önümleri, halylary öndürýän ýurdumyzyň telekeçileri-de işjeň gatnaşýarlar.

Bu iri gözden geçiriliş dokma senagatynyň öňdebaryjy öndürijileri, üpjün edijileri bilen bir hatarda, dünýäniň meşhur dizaýnerlerini hem türkmen paýtagtynda jemledi. Serginiň çäklerinde türkmenistanly we daşary ýurtly dizaýnerleriň işläp taýýarlan lybaslarynyň nusgalarynyň görkeziliş dabarasy milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşykly utgaşygyny özünde jemledi. Aşgabadyň modeller öýüniň, Fransiýa, Marokko, Oman, Gyrgyzystan, Russiýa, Özbegistan ýaly döwletleriň dünýä belli modalar öýleriniň we dizaýnerleriniň taýýarlan lybaslary çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen paýtagtynda geçirilýän halkara gözden geçirilişe moda hem-de dokma senagatyndaky täzelikleri beýan etmäge ýöriteleşen belli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşýandygy bu çäräniň derejesini görkezýär.

Türkmen dizaýnerleriniň, modalar öýleriniň milli däpleri utgaşdyrmak arkaly taýýarlaýan lybaslary daşary ýurtly wekilleriň çuňňur gyzyklanmasyna eýe boldy. Gelin-gyzlaryň yhlasyndan, zehininden dörän milli nagyşlardyr keşdeler bilen bezelen şol lybaslaryň her biri özboluşly sungat eseridir. Milli keşdeçilik sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymy döwürden gözbaş alýan medeni mirasymyzyň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Häzirki döwürde bu sungat milli dizaýnerlerimiz tarapyndan döwrebap ýörelgeler esasynda has-da baýlaşdyrylýar.

Tikinçilik we dokma kärhanalarynyň önümleriniň dünýä bazarynda uly islege eýe bolmagy olaryň dünýä modasynyň öňdebaryjy ýörelgelerini ulanmak arkaly täzeçillikleri çalt ornaşdyryp bilmek ukybyna berk baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, serginiň çäklerinde milli we daşary ýurtly dizaýnerleriň, modalar öýleriniň taýýarlaýan lybaslary bilen tanyşmak üçin moda görkezilişleri guralýar. Italiýanyň, Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň, Singapuryň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň dünýä belli dizaýnerleriniň lybaslar toplumlarynyň görkezilişleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüler. Soňky wagtda dünýäniň meşhur modalar öýleriniň gatnaşmagynda şeýle halkara moda görkezilişleriniň yzygiderli guralmagy «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabadyň sebitiň medeniýet, sungat we gözellik merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýandygyny görkezýär.

Aşgabadyň modeller öýüniň, “Goç Ýigit”, “Gowher Gouvernet”, “Emine Bridal”, “Gülýaka lybaslary” modalar öýleriniň, dizaýnerleriň nepis türkmen keşdeleri bilen bezelen, moda äleminiň iň soňky ýörelgelerinden ugur alnyp taýýarlanylan lybaslary hiç kimi biparh goýmaýar. Türkmen dizaýnerleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, milli tikinçilik däplerini has-da baýlaşdyrýarlar.

Ýokary hilli dokma önümleriniň söwdasyny etmäge döredilen şertler şu gezekki serginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Halkara gözden geçirilişiň maksatnamasy özara tejribe alyşmak, häzirki zaman moda meýilleri barada düşünjeleri artdyrmak üçin giň mazmunly çäreleri özünde jemleýär. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň dizaýnerleriniň lybaslary bezemekde ulanylýan ýörgünli däpler bilen tanyşdyrmaga, ululardyr çagalar üçin egin-eşikleri, dokma serişdelerinden oýunjaklary taýýarlamaga niýetlenen ussatlyk sapaklary guralýar. Türkmenistanyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly işewürler bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynda dokma pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, zerur serişdeler bilen üpjün etmekde hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabatda geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarka diňe bir ykdysady we işewürlik bähbitleri däl, eýsem, medeniýetleriň, dokmaçylyk däpleriniň özara baýlaşmagy üçin hem amatly meýdança bolup hyzmat edýär. “Turkmentextile Expo — 2026” halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Dokma senagatynda durnukly ösüş we hil sertifikasiýasy», «Dokma senagatynyň häzirki zaman ösüşleri we medeni mirasyň täze çemeleşmeler bilen utgaşmagy» atly okuw maslahatlary hem hut şu maksatlara gönükdirilendir.

Halkara sergi-ýarmarka öz işini 6-njy iýunda tamamlar.

Soňky habarlar
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
04.06
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.06
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
04.06
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
04.06
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
04.06
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
04.06
Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
04.06
Dünýäniň dokma senagatynyň öňdebaryjylary Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkada
04.06
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
04.06
«Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
top-arrow