Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
Çap edildi 28.06.2026
31

Balkan welaýatynda birnäçe günläp dowam eden Medeniýet hepdeligi tamamlandy. Döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy giňden bellenilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary bilen utgaşdy.

Medeniýet hepdeliginiň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar irden Balkanabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ter gül çemenlerini goýup, beýik söz ussadyny sarpaladylar. Ýadygärligiň etegine goýlan gül desseleri halkymyzyň ynsanperwer şahyra söýgüsini we çuňňur hormatyny, onuň zehinine goýýan belent sarpasyny alamatlandyrdy.

Soňra Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Dabarada çykyş eden medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri şu ýyl Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň netijelerini jemläp, onuň dowamynda guralan çäreleriň, şol sanda döredijilik duşuşyklarynyň, edebiýat agşamlarynyň, sungat ussatlarynyň konsertleriniň, kinofilmleriň we sahna eserleriniň görkezilişleriniň, sergileriň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetirendigini nygtadylar. Döredijilik forumynyň dowamynda geçirilen çäreler ruhy joşgunyň we milli ýörelgeleriň sazlaşygyny aýdyň görkezdi. Çykyş edenler giň gerimli sungat baýramçylygynyň geçirilmegi babatda döredilen ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagy okaldy. “Türkmen medeniýetini we sungatyny gülledip ösdürmek, dünýä derejesine çykarmak maksady bilen geçirilýän medeni çäreler, bäsleşikler, sergiler täze, döwrebap many-mazmuna eýe bolýar. Ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler medeniýet we sungat işgärlerini has kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Häzirki döwürde medeniýet ulgamynda gazanylýan ösüşler jemgyýetimizde ruhy galkynyşy artdyrmaga, bagtyýar raýatlarymyzyň watansöýüjiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde bellenilmegi akyldar şahyrymyzyň berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl bolýandygynyň, dana Pyragynyň sarpasynyň belent derejä göterilendiginiň aýdyň güwäsidir” diýlip, Gutlagda nygtalýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

Soňra 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeliginiň Daşoguz welaýatynda geçiriljekdigi barada hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary okaldy. Bu habar foruma Daşoguz welaýatyndan gatnaşýan wekiller tarapyndan aýratyn şatlyk-şowhun bilen kabul edildi.

Soňra bu ýerde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. Ajaýyp tomaşa zalynda oturanlaryň el çarpyşmalary astynda ýurdumyzyň halk we at gazanan artistleriniň ýerine ýetirmeginde ruhubelent aýdymlar ýaňlandy. Dabara artistleriň, meşhur tans toparlarynyň türkmen halk dessanlarynyň äheňinde döreden folklor çykyşlary bilen dowam etdi. Baýramçylyk gününde Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen döredijilik eserleri hem mynasyp orna eýe boldy. Şahyryň edebi mirasy häzirki we geljek nesiller üçin hiç haçan gymmatyny ýitirmejek ruhy-ahlak görkezijisidir. Aýdym-sazlarda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ýeten derejesine, dana Pyragynyň ussatlygyna bolan ählihalk buýsanjy öz beýanyny tapdy.

Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen “Kalbymda sen” atly aýdym konserte gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Ýurdumyzyň birleşen folklor toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren “Küştdepdi” tansy hem uly joşgun döretdi. Konsert oňa gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde “Size şöhrat, Size şan, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly ajaýyp aýdym bilen tamamlandy. Ol ähli ildeşlerimizde eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny döredýän ajaýyp owaza öwrülip, Milli Liderimiziň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzy jebisleşdirýän, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan sungatyň beýik güýjüniň senasy bolup ýaňlandy.

Konsert maksatnamasyndaky çykyşlar tamamlanandan soňra, 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul etjek sebit hökmünde Daşoguz welaýatynyň wekillerine göçme kubok gowşuryldy. Soňra medeni foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Şeýlelikde, Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi üstünlikli tamamlandy. Onuň giň gerimli çäreleri milli döredijiligiň baýlygyny dabaralandyryp, medeniýetiň we sungatyň rowaç gadamlar bilen barha ösýändigini alamatlandyrdy.

***

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda aýratyn orun alan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Gahrymanlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, talyplar gatnaşdylar.

Bu ýerde, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň adyndan gül çemeni goýuldy. Soňra dabara gatnaşyjylar beýik şahyryň uzaklardan seleňläp görünýän belent ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýdular.

Mälim bolşy ýaly, Gündogaryň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeli bu tebigy belentlikde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oturdyldy. Ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Milli Liderimiziň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Halkynyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şygyrlaryny miras galdyrdy. Onuň goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär.

Dabara gatnaşyjylar dünýäde beýik söz ussady hökmünde ykrar edilen akyldar şahyryň ýadygärligine gül desselerini goýmak bilen, halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden medeni mirasyna, beýik şahsyýetleriň döredijiligine hormat goýmagyň asylly däbe öwrülendigini nygtadylar.

Agşamlyk «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada söz ussadynyň şygryýet toýy mynasybetli geçirilen döredijilik agşamy aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy. Oňa medeniýet, sungat, döredijilik, bilim işgärleri, talyplar, görnükli şahyryň eserleriniň köp sanly muşdaklary gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Köpetdagyň bu gözel künjegi medeniýet işgärleriniň duşuşyklarynyň ýygy-ýygydan guralýan ýerine öwrüldi. Döredijilik agşamynda çykyş edenler şahyryň öz döwrüniň öňdebaryjy pikirlerini öňe sürmek arkaly şygryýet dünýäsini baýlaşdyryp, döredijilik äleminde täze sahypany açandygyny bellediler. Magtymguly öz şygyrlaryny türkmen diliniň özboluşly tebigy gurluşyna mahsus, halkyň gepleşik diline ýakyn düzüpdir. Onuň goşgulary halk döredijiliginiň ruhuna, çeperçiligine çuňňur aralaşýar. Şoňa görä, bu eserler halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylanyp, hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýär.

Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň belent pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp goşgular halkymyzyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuw-hyýallarynyň senasy hökmünde ýaňlandy. Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize söýgüsini joşdurýar. Bular barada döredijilik agşamyna gatnaşan žurnalistleriň çykyşlarynda täsirli beýan edildi. Dag eteginde guralan çäräniň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşmagy onuň ähmiýetini artdyryp, mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky medeni ojaklarda hem baýramçylyk çäreleri geçirildi, çeper filmleriň, sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň görkezilişleri boldy.

Soňky habarlar
28.06
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
28.06
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
28.06
Dostlukly gatnaşyklara sarpanyň nyşany
28.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
27.06
Medeniýet hepdeligi milli döredijiligiň baýlygyny görkezdi
27.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
26.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.06
2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler
26.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: bäşinji gün
25.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow