Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Täze ugurly senagat önümçiligi
Ykdysadyýet
Täze ugurly senagat önümçiligi
Çap edildi 04.07.2026
2344

Daşoguz pagta egriji fabriginde nah we ýüň galyndylaryny, gamyş hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde, gurluşykda ulanylýan serişdeleri öndürýän önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy. Gurluşyk ulgamynda we mebel önümçiliginde zerur bolan serişdeleriň ýylda 7 müň 200 tonnasyny öndürmäge ukyply önümçilik desgasynyň işe girizilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, gaýtadan işleýän senagatyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna welaýatyň häkimliginiň, dokma senagatyna degişli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Çäräniň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etmegi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň senagat toplumynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan önümçiligi we eksport ugruny nazarlaýan desgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şol sanda dokma senagatynyň sazlaşykly ösdürilmegi, bu ugra degişli önümçilik toplumlarynyň bina edilmegi täze iş orunlarynyň döremegini şertlendirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ulanmaga berlen täze önümçilik binasy dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hilli enjamlary bilen üpjün edilipdir. Ol içerki sarp edijileri mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan ekologik taýdan arassa serişdeler bilen doly üpjün eder. Galyndysyz usulda işleýän önümçilik binasy daşky gurşawa zyýansyz bolmak bilen, onuň önümçiligi ekologik talaplara doly laýyk gelýär. Täze önümçilikde iş orunlarynyň 60-synyň döredilendigini aýratyn bellemek gerek.

Çykyşlarda pudaklaryň sazlaşykly ösüşine, dokma senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, häzirki zamanyň kämil enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen dokma kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilmegine giň ýol açýar. Diýarymyzda dokma senagatyna degişli önümçilik kärhanalary üstünlikli hereket edýär. Häzirki döwürde pudagyň garamagynda 59 sany kärhana hereket edip, olarda 24 müňe golaý işgär zähmet çekýär. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň zähmeti hem-de durmuş üpjünçiligi baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini alamatlandyrýar.

Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspy ýetirildi. Dabara gatnaşyjylar milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimize alkyş aýtdylar.

Täze önümçilik binasynyň toý bagy kesilip, onda döredilen şertler, önümçilik binasy bilen tanşyldy. Onuň ýokary halkara görkezijilere we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy önümçiligiň yzygiderli esasda ýola goýulmagynyň baş şertini emele getirýär.

Önümçilik binasy bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, bu ýerde täze desganyň açylyş dabarasy mynasybetli toý sadakasy berildi.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow