Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
Teswirlemeler
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
Çap edildi 27.08.2026
29

Ählumumy ösüşiň adalatly, deňeçer, inklýuziw ulgamyny döretmäge ýardam bermek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edip, halkara bileleşigiň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürüp, saýlap alan döredijilik ýoluna üýtgewsiz eýerýär.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 81-nji sessiýasyna ählumumy abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine tagallalary utgaşdyrmagyň wajyp tapgyry hökmünde garaýar. Bitaraplygyň parahatçylyk döredijilik ugry, milli, sebit we ählumumy bähbitleri hasaba almak bilen, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça binýatlaýyn maksatlaryň gabat gelmegi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär. Döwletimiziň BMG-niň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlyga ulgamlaýyn häsiýet bermäge gönükdirilen, häzirki zaman ýagdaýlaryndan gelip çykýan geljegi uly teklipleri we başlangyçlary yzygiderli öňe sürmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şunda ählumumy ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnukly, deňeçer ösüşine gönüden-göni täsirini ýetirýän bu strategik ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe Kararnamany kabul etdi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan ulag diplomatiýasyny yzygiderli ilerledip, bu ugurda möhüm merkezleriň biri hökmünde kuwwatyny pugtalandyrýar. Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlary Watanymyzyň bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde döwletimiz onýyllygyň maksatlarynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek üçin ählumumy seljeriş we maglumat guraly hökmünde Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer. Bu başlangyç 2024-nji ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça sammite ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy. Bu atlasyň döredilmegi 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatda badalga berlen “Aşgabat prosesiniň” logiki dowamy bolar.

Türkmenistan geografik aýratynlyklaryndan, ägirt uly ulag-logistika mümkinçiliklerinden ugur alyp, degişli multimodal infrastrukturalary döretmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we yklym ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri geçirýär. Ýurdumyz Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça utgaşdyrylan ulag geçelgelerini ösdürmek, Hazar we Gara deňiz sebitlerini birleşdirmek, täze taryhy şertlerde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek babatda teklipleri öňe sürüp, özara bähbitli halkara söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermäge, tutuş Ýewraziýa giňişliginde goşulyşma prosesine itergi bermäge çalyşýar. Nobatdaky sessiýada ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň howandarlygynda Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamak teklip ediler.

Ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Energetika barada aýdylanda, bu ulgamda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyz pudagyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny ugur edinýän toplumlaýyn strategiýany amala aşyrýar. Şunda önümçilige innowasiýalaryň, serişde tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan düzümini kemala getirmäge, “ýaşyl” energetikanyň ösdürilmegine, uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan energetika howpsuzlygy boýunça BMG-niň howandarlygynda yzygiderli gepleşikleri geçirmegiň, ähli energetika taslamalaryna gatnaşýanlaryň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp edijileriň bähbitlerini göz öňünde tutýan täze netijeli hyzmatdaşlyk gurallaryny döretmegiň zerurdygyny tassyklaýan Kararnamalar kabul edildi. “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň esasy orny” atly Kararnama şolaryň hataryndadyr. Onuň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, 81-nji sessiýanyň dowamynda “Hemmeler üçin durnukly energetika” atly ýokary derejeli forumyň guralmagyna taýýarlyk görmek boýunça geňeşmeleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde türkmen tarapy Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini döretmek başlangyjyny öňe sürüpdi. Onuň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy wezipesi hemmeler üçin ygtybarly, durnukly energiýanyň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilen maksatlaryň bölünmezliginden hem-de özara baglanyşygyndan ybaratdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprelinde Awstriýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda öňe süren başlangyçlary Bitarap Watanymyzyň bu ulgamda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga jogapkärli we oýlanyşykly çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz forumdaky çykyşynda BMG-niň howandarlygynda Energetika kodeksini işläp taýýarlamak meselesine seretmek hem-de energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygy täze ýörelgeler esasynda ýola goýmaga gönükdirilen BMG-niň köpugurly halkara hukuk resminamasyny döretmek barada ýurdumyzyň başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmek bilen bagly teklipleri beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň howa gün tertibi babatda ýel we Gün energiýasyny ulanmak boýunça “ýaşyl” energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz 10 ýyllyk döwür üçin wodorod energetikasyna geçmek boýunça ählumumy Maksatnamany döretmek başlangyjyny öňe sürüp, ýurdumyzyň BMG bilen şeýle resminamany işläp taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdygyny tassyklady.

Sebit we ählumumy gün tertibiniň ulag, energetika, ekologiýa, howa hem-de beýleki meseleleri Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda, Awaza syýasy Jarnamasynda hem öz beýanyny tapdy. 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bu iri forum ählumumy ösüşiň bar bolan meselelerini, BMG-niň maksatnamalarynyň, ilkinji nobatda, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk gepleşikler meýdançasy boldy. Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda, umuman, ählumumy möçberde inklýuziw we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça milli, sebit, halkara derejedäki tagallalary birleşdirmäge hem-de utgaşdyrmaga gönükdirilen bu resminamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşmagyny dowam etdirer.

Watanymyzyň daşary syýasatynda durnukly ösüşiň, halklaryň we ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi, ynamy pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti hökmünde ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda zenanlaryň, ýaşlaryň bähbidine dialogy we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny ösdürmek, “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibiniň çäklerinde BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasy, Zenanlar düzümi bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek işi dowam etdiriler.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de Ösüş maksatnamasynyň goldamagynda 2020-nji ýylyň dekabrynda döredilen sebitiň taryhyndaky şeýle düzümleriň ilkinjisidir. Ol geçen döwürde gender deňliginiň meselelerini ilerletmek, zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini giňeltmekde garaýyşlary, tejribeleri we öňdebaryjy gazanylanlary alyşmak, jemgyýetiň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer durmuşynda olaryň mümkinçiliklerini herekete getirmek babatda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança öwrüldi. Parahatçylygy berkitmek, dawalaryň öňüni almak boýunça sebitleýin, halkara meýdançalara zenanlaryň işjeň gatnaşmagyna, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly ählumumy gün tertibini ilerletmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan hem bu dialog uly ähmiýete eýedir.

Gender syýasatynyň wezipelerini çözmäge jogapkärli we ulgamlaýyn çemeleşip, Türkmenistan halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG, onuň ugurdaş düzümleri bilen degişli ugurda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna, milli kanunçylygyna, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, zenanlar baradaky alada, olaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Zenanlar dürli pudaklarda netijeli zähmet çekip, Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşýarlar. Olar döwlet häkimiýetiniň ähli düzümlerine, şol sanda parlamente wekilçilik edip, daşary syýasy işe hem işjeň gatnaşýarlar. Olaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşmagy muňa aýdyň mysaldyr. Ýaş nesli terbiýelemekde, gadymdan gelýän maşgala we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamakda zenanlara aýratyn orun degişli.

Halkara gatnaşyklarda we parahatçylygy döretmek başlangyçlarynda ýaşlaryň eýeleýän ornuny hem-de işjeňligini ýokarlandyrmaga ýardam bermek, Merkezi Aziýada ýaşlar dialogynyň işini goldamak ynsanperwer ugurda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz sebitde ýaşlaryň arasynda dostlugy, ynanyşmagy, hoşniýetli gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy berkitmek üçin netijeli meýdança hökmünde bu dialogy döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Dialogyň ilkinji mejlisi 2023-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäherinde geçirildi. BMG-niň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibiniň ýörelgelerini durmuşa geçirmek bu formatyň işiniň maksatlarynyň biridir. Parahatçylyk döretmek işine ýaş nesliň çekilmegini ugur edinýän bu ählumumy hereketiň çäklerinde ýurdumyz halkara we sebit başlangyçlarynda ýaşlaryň gatnaşygyny giňeltmäge ýardam bermegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanda ýaş nesliň watançylyk ruhunda, ýokary ynsanperwer gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda döwrebap bilim almak, ýaşlaryň aň-bilim mümkinçiliklerinden, ukyp-başarnyklaryndan peýdalanmaklary we şahsyýet, hünär, döredijilik babatda kämilleşmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Täze taryhy eýýamda ýaş türkmenistanlylar döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Degişli ulgamda sebit hem-de ählumumy hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň” kabul edilmegi hem muny doly tassyklaýar.

Halkara gatnaşyklarda ýaşlaryň möhüm orun eýeleýändigine ýurdumyzyň bu ulgamda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda, şol sanda häzir dowam edýän 80-nji sessiýada öňe süren teklipleri-de şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde degişli ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geljekki ädimleri häzirki zaman dünýäsinde ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini doly herekete getirmäge, Ýer ýüzünde has röwşen geljegi gurmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ýurdumyz öňde boljak 81-nji sessiýada Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin agzasy hökmünde netijeli iş alyp barmagyny, BMG-niň, onuň beýleki edaralarynyň, komissiýalarynyň, düzümleriniň işine gatnaşmagyny dowam etdirer. Häzirki wagtda Türkmenistan 2022 — 2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň, 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň, 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň, 2024 — 2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň agzasy bolup durýar. Şu ýylyň aprel aýynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň kömekçi edaralaryna saýlawlaryň dowamynda ýurdumyz 2027 — 2030-njy ýyllarda BMG-niň Ösüş maksatlary üçin ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Şeýle-de döwletimiz BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň geňeşiniň hemişelik agzasy bolup durýar.

Şeýlelikde, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän şu ýylda ýurdumyz halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine özara ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça köpugurly hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň esasyny düzýän parahatçylygyň, ynsanperwerligiň belent taglymlaryna eýermek bilen, Bitarap Türkmenistan parahatçylyk medeniýetiniň ilerledilmegine, sebit we ählumumy derejede özara düşünişmek, ynanyşmak gurşawynyň kemala getirilmegine anyk goşant goşýar.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
top-arrow