Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
Jemgyýet
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
Çap edildi 07.10.2026
19

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Ählumumy özgertmeler döwründe demografik prosesler döwletleriň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Ilat diňe bir ykdysady ösüşiň esasy çeşmesi we hereketlendiriji güýji bolup çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, adamyň durmuşynyň ýokary hilini, abadançylygyny we sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ähli özgertmeleriň ahyrky maksady hem bolup durýar. Häzirki wagtda dünýädäki demografik ýagdaýlar dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Dünýäniň käbir sebitleri ilatyň garramagy we zähmet serişdeleriniň okgunly azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolsa, beýleki sebitler durmuş infrastrukturasynyň yzygiderli giňeldilmegini, täze iş orunlarynyň döredilmegini we ekologiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegini talap edýän demografik ösüşi başdan geçirýärler.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini durmuşa geçirmek bilen baglylykda, halkara jemgyýetçiligi demografik ýagdaýlary hasaba almaga köpugurly çemeleşmegiň zerurdygyna düşünýär. Uzak möhletli döwlet strategiýalary, bir tarapdan, ilatyň sanynyň, ýaş düzüminiň we ýerleşişiniň arasyndaky özara baglanyşyga esaslansa, beýleki tarapdan, ykdysady ösüşe, durmuş goraglylygyna, saglygy goraýyş we bilim hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmäge esaslanýar.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş ugurly syýasaty durmuşa geçirýär we bu syýasatda adam, onuň durmuşy, hukuklary we mertebesi iň ýokary gymmatlyk hökmünde kesgitlenilýär. Ýurdumyz durmuşyň ähli ulgamlaryny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak bilen, ýokary demografik ösüş görkezijilerini gazanýar. Bu görkezijiler raýatlaryň ýokary durmuş standartlary, ertirki güne bolan ynamy we durmuş goraglylygynyň ygtybarly ulgamy bilen şertlendirilýär.

Ilatyň saglygyny goramak hem-de maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Ene mähri” merkezleri, döwrebap hassahanalar we ylmy-kliniki merkezler hereket edýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça Milli strategiýalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy hem-de ösen medeni-sport infrastrukturasynyň döredilmegi netijesinde, ilatyň ortaça ýaş dowamlylygy yzygiderli ýokarlanýar. Şunuň bilen birlikde, däp bolan maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamaga hem-de raýatlaryň ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna doly derejeli gatnaşmagy üçin şertleri döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýaşlar syýasaty bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, ilkinji nobatda, BMG-niň Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy hem-de Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bu edaralar bilen bilelikdäki işler demografik görkezijileri ýygnamak we seljermek ulgamyny kämilleşdirmäge, Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine gözegçilik etmäge, şeýle hem ilat we ösüş ulgamlarynda iň gowy dünýä tejribesini alyşmaga gönükdirilendir.

Forumyň dowamynda demografik prosesleri dolandyrmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryna we olary uzak möhletli durmuş-ykdysady meýilnamalara ornaşdyrmagyň meselelerine aýratyn üns berildi. Ara alnyp maslahatlaşmalara halkara bilermenler, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler netijeli çözgütleriň ilatyň düzümini we esasy görkezijileri çuňňur seljerme işini talap edýändigini nygtadylar.

Mejlisde ilat ýazuwynyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň maglumatlaryny döwlet dolandyryşynyň maglumat binýadyny döretmek üçin netijeli ulanmak meselelerine garaldy. Statistika edaralarynyň hünärmenleri hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň bilermenleri ilkinji maglumatlary ýygnamagyň we işlemegiň döwrebap sanly tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar demografik ösüş bilen milli zähmet bazarynyň ösüşiniň arasyndaky deňagramlylygy üpjün etmegiň meselelerine seredip geçdiler.

Sebitleri durnukly ösdürmek bilen baglylykda, şähergurluşyk meseleleri foruma gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Innowasion şähergurluşyk taslamalary bilen tanyşlygyň çäklerinde ekologiýa howpsuzlygyny we amatly ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hil taýdan täze derejesini üpjün edýän “akylly” we “ýaşyl” şäher standartlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly tejribe alşyldy.

Maslahatda şähergurluşyk meselesi bilen birlikde oba ýerlerini toplumlaýyn ösdürmegiň strategiýalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma gatnaşyjylar şäherlerde we oba ýerlerinde deňeçer ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmeginiň demografiýa syýasatynyň möhüm wezipesi bolup durýandygyny nygtadylar. Durmuş infrastrukturasynyň yzygiderli ösdürilmegi, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň we bilime elýeterliligiň üpjün edilmegi ilatyň oba ýerlerinden şäherlere göçmeginiň öňüni alýan esasy şertleriň biridir.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky bilermenler eneligi we çagalygy goramak, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek meselelerine ünsi çekdiler. ÝUNISEF-niň we beýleki ugurdaş lukmançylyk düzümleriniň wekilleri öz çykyşlarynda ýokary tehnologiýaly lukmançylyk hyzmatlarynyň ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem forumyň dowamynda bilime we ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Akademik toparlaryň we halkara guramalaryň wekilleri okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmagyň, bilim bermek işini sanlylaşdyrmagyň we ýokary hünär bilimine elýeterliligi giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar. Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, bäsdeşlige ukyply ýaş hünärmenler nesliniň kemala gelmegi tehnologik garaşsyzlygyň we durnukly ösüşiň kepili bolup durýar.

Ekologiýa gün tertibi bilen baglylykda, maslahatda demografik ösüş bilen daşky gurşawyň ýagdaýynyň arasynda berk baglanyşygyň bardygy bellenildi. Halkara bilermenler tebigatdan tygşytly we netijeli peýdalanmagyň, suw serişdelerini goramagyň hem-de ilaty howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Durmuş syýasatyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, foruma gatnaşyjylar maşgalalary we aýratyn durmuş goldawyna mätäç raýatlary goldamak institutlaryny kämilleşdirmek meselelerine seretdiler. Çykyş edenler inklýuziw gurşawy ösdürmegiň, jemgyýetiň ähli gatlaklary üçin deň mümkinçilikleri döretmegiň we ýaşuly nesil bilen ýaş nesliň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Bilermenleriň pikirine görä, şeýle çemeleşme jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän şert bolup durýar.

Maslahatyň çäklerinde demografiýa ulgamynda hukuk we institusional binýady kämilleşdirmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Hukukçylar we halkara bilermenler milli kanunçylygy halkara konwensiýalaryň we BMG-niň maslahatlaryna laýyk getirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara derejede geçirilen maslahat ýurtlaryň we halkara institutlaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Forumyň dowamynda bilelikdäki sebit taslamalary, tejribe alyşmak maksatnamalary hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine yzygiderli gözegçilik etmegiň mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri milli demografik başlangyçlary durmuşa geçirmekde hemmetaraplaýyn ýardam bermegi dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Çykyşlarda şeýle ylmy-amaly çäreleri yzygiderli geçirmegiň uly ähmiýeti bellenildi. Maslahata gatnaşyjylar döwlet düzümleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň we halkara guramalaryň arasyndaky açyk hem-de netijeli dialogyň demografiýa ulgamynda deňagramly we ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam edýändigini nygtadylar.

Maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Foruma gatnaşyjylar döredilen ajaýyp şertler üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan edip, maslahatyň dowamynda seredilen ylmy çemeleşmeleriň bu ugurda döwlet syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Her bir adamyň bähbitlerine gönükdirilen demografik prosesleriň ulgamlaýyn dolandyrylmagy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda ählumumy gün tertibiniň wezipelerini ýerine ýetirmek üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär.

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow