Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 13.11.2026
47

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde döredilen iş toparlarynda “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda”, “Elektron söwda hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük, Arbitraž iş ýörediş, Sanitariýa kodekslerine, “Neşirýat işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we başga-da birnäçe hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Mejlisde Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisde Awstriýa Respublikasynyň Parlamentiniň Federal Geňeşiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirilip, onda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen ösdürmegiň hem-de kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilip, nyşanynyň kabul edilýändigini aýtdy we deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze — 2027-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şeýle-de dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygyny, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda ykdysadyýetimiziň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy we degişli hata gol çekdi hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara Türkmen energiýa ylmy-amaly maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, ylmy-amaly maslahata halkara hyzmatdaşlaryň ýöriteleşdirilen tehnologik tanyşdyrmalary bilen gatnaşmagy hem-de bu ýerde nebitgaz ýataklaryny geljekde ylmy taýdan esaslandyrylan sanly çözgütler esasynda özleşdirmekde täze ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary görkezmek meýilleşdirilýär. Bu möhüm ähmiýetli çäräniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen utgaşykly esasda geçirilmegi halkara inžener-tehnologiki kompaniýalaryň we ylmy-barlag institutlarynyň bilermenleriniň ýurdumyzda döredilen şertler bilen tanyşmaklaryna, öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmaklaryna mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Hususan-da, bugdaý meýdanlarynda gögeriş, ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek ugrunda zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri geçirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işlerini geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak babatda taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Taýýarlanan ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşamak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, bugdaý ekilen ýerlerde ideg etmek işlerini agrotehniki kadalar esasynda alyp barmagyň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly saklamak hem-de gaýtadan işlemek boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Söwda-senagat edarasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2027-nji ýylda geçiriljek sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar, festiwallar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, işlenip taýýarlanylan taslama laýyklykda, geljek ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň guralmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barýandygyny, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara sergileriň, maslahatlaryň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz söwda toplumynda goýberen kemçilikleri üçin N.Atagulyýewe käýinç yglan etdi hem-de eger-de goýberilen kemçilikler gysga wagtda düzedilmese, onda ony eýeleýän wezipesinden boşatjakdygy barada duýdurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowy göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de, başga işe geçmegi sebäpli, ony eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanowy göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de ony söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belläp, konserniň başlygy wezipesinden boşatdy.

D.Süleýmanow özüne bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, täze wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz D.Süleýmanowa täze wezipede üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary A.Kürtowy göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de ony “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

A.Kürtow özüne bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet konserniniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz A.Kürtowa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň 19-20-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Medeniýet günleriniň çäklerinde paýtagtymyzda dürli medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi medeni diplomatiýa arkaly dünýä ýurtlary, hususan-da, Ýewropa döwletleri bilen medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. Myhmanlaryň paýtagtymyzdaky muzeýlere, Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine, şol sanda häzirki wagtda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda dowam edýän «Ene tebigat» atly sungat sergisine baryp görmekleri meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Wise-premýer ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň ösdürilmegi, Bitarap Watanymyzyň dostlukly döwletler bilen medeni gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri hem-de döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini aýtdy we Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu bäsleşige “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy hödürlenip, şolardan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda üstünlikleri gazanan, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi. 16-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Ilki bilen, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmagy we netijeli işlemegi babatda döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň 10-11-nji noýabrynda agzalan maslahatyň çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşmagy uly ähmiýetli waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň sammitde eden çykyşy halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretdi we giň goldawa eýe boldy. Milli Liderimiz çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň, Kioto teswirnamasynyň we Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny hem-de düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen bäş sany möhüm halkara başlangyjy öňe sürdi. Bu başlangyçlar ekologik abadançylygy üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilendir. Galyberse-de, olar häzirki döwrüň ählumumy ekologiýa gün tertibinde duran derwaýys meseleleri çözmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň many-mazmunyny, olary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýakyn wagtda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumy bilen bilelikde halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek baradaky teklibi beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşyp, öňe süren başlangyçlarynyň ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna gulluk iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada aýtdy. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde alyp barýan işini ösdürmekden ybaratdyr. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna uly orun degişli. Şol bir wagtda, Türkmenistan bilen Günorta Aziýa döwletleriniň, hususan-da, Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda Pakistan Yslam Respublikasy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Bu babatda 1995-nji ýylyň martynda Yslamabat şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň üçünji sammitiniň jemleýji resminamasynda bu guramanyň agza döwletleriniň Türkmenistanyň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ugruny goldandygy aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-16-njy noýabrynda Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, YHG-nyň çäklerinde söwda, ulag, energetika we beýleki ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine serediler. Onuň netijeleri boýunça Yslamabat Beýanatynyň we «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary — 2035» strategiýasynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara topary ähmiýetli gural bolup durýar. Häzirki wagtda toparyň 17-nji noýabrda Yslamabat şäherinde geçiriljek 6-njy mejlisine taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu işleriň çäklerinde şu ýylyň 7 — 11-nji noýabry aralygynda göni aragatnaşyk arkaly hökümetara toparyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, nebitgaz, senagat, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, ulag ugrunda hyzmatdaşlyk hem-de ylym we bilim meseleleri boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleri geçirildi. Hökümetara toparyň mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, ýokarda agzalan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselelerine seretmek göz öňünde tutulýar. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer, daşary işler ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy we Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisleriniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherine gulluk iş saparynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy we Pakistanda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Yslamabatda guraljak Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda taýýarlanan resminamalara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýüzýän milli hem-de daşary ýurt gämileriniň bökdençsiz, netijeli işledilmegini gazanmak ugrunda degişli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň binýadynda deňiz gämilerini gurmak hem-de abatlamak hyzmatlaryndan başga-da, gämileri döwrebaplaşdyrmak, olary tehniki taýdan gözegçilikde saklamak hyzmatlary ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz, başga işe geçmegi sebäpli, B.Annaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowy göni aragatnaşyga çagyrdy we ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belledi.

M.Akmämmedow özüne bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze wezipede gujur-gaýratyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz M.Akmämmedowa täze wezipede üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow