Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 27.11.2026
27

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem milli parlamentiň 25-nji noýabrda geçirilen nobatdaky maslahatynyň netijeleri barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi.

17-18-nji noýabrda paýtagtymyzda Mejlisiň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň bütin dünýäde giň goldaw tapýan bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döreden giň mümkinçilikleriniň netijesinde 19-20-nji noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisleri ýokary derejede geçirildi. Mejlislerde parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, parlamentara dialogy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Assambleýanyň mejlisleriniň dowamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentleriniň wekiliýet ýolbaşçylary bilen parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen duşuşyklar guraldy. Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň umumadamzat abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriniň, oňyn başlangyçlarynyň halkara giňişlikde barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda ýurdumyzyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetine seredilendigini aýdyp, “Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow tebigy gazy we nebiti çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini çykarmakda guýularyň önüm berijiligini has-da artdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Kararlara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyş paslynda dok we ýyly gyşlatmak, bu hojalyklarda taýýarlanan ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşamak babatda zerur çäreler görülýär. Diýarymyzda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär. Möwsümiň dowamynda saýaly, pürli we miweli bag nahallaryny ekmek, olara ideg etmek, döredilen tokaý zolaklaryny abadanlaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek babatda işleri dowam etdirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara görä ideg etmek işlerini alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda galan hasyly ýygnap almak işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň medeni, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarynda, seýilgählerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, olaryň daş-töwereginde dürli görnüşli agaç nahallaryny, bezeg güllerini ekmek işleri yzygiderli ýerine ýetirilýär. Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabadyň şaýollaryny we köçelerini bezemek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyryljakdygyny aýtdy hem-de wise-premýere ýetip gelýän baýramçylyk bilen bagly paýtagtymyzda abadanlaşdyryş, bezeg işleriniň geçirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze tikin fabrigini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak arkaly içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dokma önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bäherden etrabynda Bäherden tikin fabrigini gurmak boýunça degişli çäreler görülýär. Bu kärhanany häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek hem-de onda giň görnüşli önümleriň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze tikin fabrigini gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, şeýle hem medeni mirasymyzy ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça dürli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Yglan edilen döredijilik, hünär bäsleşikleriniň, şol sanda “Merdana nesil”, “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşikleriniň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabaralarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleriniň, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynda baýramçylyk konsertleriniň guralmagy meýilleşdirilýär. 31-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, Arkadag şäherinde, welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňünde Täze ýyl teleköprüsi geçiriler. Şeýle hem dekabr aýynda birnäçe binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi, şu mynasybetli medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dekabr aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga beriljek binalaryň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle-de beýleki meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaraly maslahat barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döredilen gününden bäri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň binýadyny pugtalandyrmaga, raýatlarymyzyň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamaga uly goşant goşup, ýurdumyzyň syýasy güýjüne öwrüldi. Häzirki döwürde partiýanyň işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň strategik syýasatynyň, giň gerimli özgertmeleriniň taryhy ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Demokratik partiýanyň döredilen güni mynasybetli “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — agzybirligiň, jebisligiň we milli demokratiýanyň dabaralanmagy” atly dabaraly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň çäginde şanly senä gabatlanyp yglan edilen “Göreldeli wagyzçy” atly bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmak, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen senesi mynasybetli dabaraly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi we onuň degişli edaralary bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, durmuş ugurlaryny öz içine alýar. Syýasy-diplomatik ugurda ýokary derejeli duşuşyklar, “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň, parlamentara hyzmatdaşlygyň we adam hukuklary boýunça dialogyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Şu ýylyň dowamynda “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” parlamentara dialogynyň nobatdaky duşuşygy, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” ilkinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumy, adam hukuklary boýunça dialogyň 18-nji mejlisi geçirildi.

Sebitleýin hyzmatdaşlygyň çäklerinde syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ýokary derejeli dialogynyň 13-nji mejlisi, Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi. Noýabr aýynda Brýusselde geçirilen sebitara howpsuzlyk we özara baglanyşyk meseleleri boýunça 2-nji ministrler duşuşygyna hem ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy.

Ykdysady ugurda “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň işi aýratyn bellenildi. Türkmenistan bilen bu düzümiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde 26-njy martda Aşgabat şäherinde maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça işewürlik maslahaty geçirildi. Maliýe-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň degişli maliýe düzümleri bilen işler alnyp baryldy. Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidentiniň şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyza amala aşyran saparyny, Ýewropa maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek boýunça gepleşikleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Medeni-ynsanperwer, durmuş ugurlarynda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň çäklerinde noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýewropanyň Medeniýet günleri, beýleki medeni-sport çäreleri aýratyn nygtaldy. Bilim, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda Ýewropa Bileleşiginiň “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” taslamasynyň çäklerinde ýaşlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa bilim gaznasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim we zähmet ministrleriniň orunbasarlarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda 13-14-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda ösdürmek, bilelikdäki taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Akmämmedow raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda halkara talaplara laýyklykda hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) degişli maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Hususan-da, dürli maksatnamalaryň çäklerinde birnäçe ugurlar boýunça okuwlar geçirildi. Şunda bu ugurda işleýän halkara guramalar we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ICAO-nyň standartlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli, tejribeli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli awiasiýa pudagynyň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini aýtdy we raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
27.11
Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy — ählumumy abadançylygyň bähbidine
27.11
Agzybirlik we döwletlilik ýoly bilen
26.11
Ulag ulgamynda zähmetiň halkara kadalary
26.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
«Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
25.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
25.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi
25.11
Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär
top-arrow