Baş sahypa
\
Sport
\
Hokkeý boýunça milli ýygyndy topary Sapporodaky VIII gyşky Aziýadada ynamly ýeňiş bilen başlady
Sport
Hokkeý boýunça milli ýygyndy topary Sapporodaky VIII gyşky Aziýadada ynamly ýeňiş bilen başlady
Çap edildi 18.02.2017
2528

Bu ýerde gyşky oýunlar boýunça VIII Aziýa oýunlary badalga aldy, oňa ilkinji gezek hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşýar. Biziň türgenlerimiz Malaýziýanyň toparyndan 9:2 hasabynda üstün çykyp, ýaryşy şowly başladylar. Duşuşygyň ikinji minutynda türkmenistanlylaryň kapitany Ahmet Gurbanow Aleksandr Wahowskä hokkeý topuny geçirdi, ol bolsa ony bäsdeşleriň derwezesine dogry gönükdirmegi başardy. Şeýle hem Aleksandr 10 minutdan soň hasaby 2-ä ýetirdi, Işan Weleýewiň, Ýakup Berdiýewiň we Ezizmuhammet Akmuhammedowyň dürs urgulary duşuşygyň birinji döwründe hasabyň 5:0-a ýetirilmegini üpjün etdi. Arakesmeden soň malaý hokkeýçileri goranmagy dowam edip, diňe kä wagt öz meýdançasyndan daşlaşýardylar. Netijede biziň türgenlerimiz Ýakup Berdiýew, Maksat Ataýew, Işan Weleýew we Döwlet Söýünow garşydaşlaryň derwezesine ýene 4 gezek dürs urgy geçirdiler. Duşuşygyň üçünji 20 minutlyk böleginde Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenleri oýnuň depginini gowşadyp, esasan goranyşda oýnadylar. Netijede 9:2 hasabynda biziň türgenlerimiz ýeňiş gazanyp, öz toparynda öňdelige çykdylar, bu toparda Malaýziýadan başga-da Eýran Yslam Respublikasynyň, Indoneziýanyň we Hytaý Makaosynyň toparlary çykyş edýärler. Gyşky Aziadanyň öňüsyrasynda türkmen hokkeýçileri Belarusuň paýtagty Minsk şäheriniň “Raubiçi” olimpiýa sport toplumynyň binýadynda okuw türgenleşigini geçdiler. Taýýarlygyň barşynda hüjüm etmek we goranmak usullary boýunça hereketlere aýratyn üns berildi. Türgenleşiklerde toplanylan başarnyklar Belarusuň toparlary bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklarynda synalyp görüldi. Olar tamamlanandan soň Minskiniň hokkeý toparlarynyň tälimçileri türkmen hokkeýçileriniň toplan tejribesine haýran galyp, türkmenistanlylara Sapporoda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlarynda ynamly ýeňişleri gazanmagy arzuw etdiler. Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenleri Aziýa oýunlary ýaly wekilçilikli sport ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşmak bilen ikinji hataryň “B” toparynda çykyş etdiler. Toparda ilkinji orunlary eýelän türgenler finala gatnaşmaga hukuk gazanýarlar, ikinji orunlary eýelänler bolsa bürünç medallar ugrunda bäsleşerler. Ikinji hataryň ýeňijileri dokuzynjy gyşky Aziýa oýunlarynyň ýokary ligasyna girerler. Biziň türgenlerimiz indiki duşuşygy 21-nji fewralda Makaonyň ýygyndy toparynyň hokkeýçileri bilen geçirerler.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow