Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen hokkeýçileriniň Ýaponiýada gazanan ikinji ýeňşi
Sport
Türkmen hokkeýçileriniň Ýaponiýada gazanan ikinji ýeňşi
Çap edildi 21.02.2017
2553

Sapporoda geçirilýän VIII gyşky Aziýa oýunlarynda şeýle derejeli ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýän türkmen hokkeýçileri yzly-yzyna ikinji gezek üstünlik gazandylar. Bu gün Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenleri Makaonyň ýygyndy toparyny 16:0 hasabynda utup, “B” toparda birinjiligi saklaýar. Ýygyndy toparymyzyň iň ýaş oýunçysy, “Oguzhan” toparynyň 18 ýaşly hüjümçisi Baýmyrat Baýmyradow has köp gezek tapawutlanyp, dört hokkeý topuny geçirdi. Ezizmuhammet Akmuhammedow üç gezek we Ahmet Gurbanow iki gezek tapawutlandy. Ähli urgulary gaýtarmagy başaran derweziçilerimiz Kerimli Çaryýewiň we Rahman Myradowyň ussatlygyny aýratyn bellemeli. Indi toparymyza finala ýetmek üçin ýene bir ýeňiş zerurdyr, 24-nji fewralda Indoneziýanyň ýygyndy toparyndan üstün çykmak bilen türkmen türgenleri finalda oýnamaga hukuk gazanyp bilerler.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow