Baş sahypa
\
Sport
\
BAE-de taekwondo we Gazagystanda bouling boýunça ýaryşlarda türkmen türgenleri baýrakly orunlara eýe boldular
Sport
BAE-de taekwondo we Gazagystanda bouling boýunça ýaryşlarda türkmen türgenleri baýrakly orunlara eýe boldular
Çap edildi 26.02.2017
2526

Taekwondonyň WTF görnüşi boýunça “Fujeýra-open” bäşinji halkara ýaryşy tamamlandy. Bu ýaryşda ildeşlerimiz medallaryň üçüsini – bir kümüş we iki bürünç medal gazanmagy başardylar. Ýaryşa 15 ýurtdan 500-e golaý türgen gatnaşdy. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Mekan Gurbanow kümüş medaly eýelemegi başardy. Batyr Çaryýew bilen Jelaletdin Batyrow (ikisem 68 kilograma çenli agram derejesinde) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardylar. Şol bir wagtyň özünde Almatyda biziň türgenlerimiz bouling boýunça “Almaty Kap-2017” halkara ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşikde ildeşlerimiz 206 utuk toplap, diňe Gazagystanyň (219) we Özbegistanyň ýygyndylaryndan yza galdylar. Türkmen boulingçileri bu ýaryşda russiýaly (203) we ukrainaly (201) türgenlerden ozmagy başardylar.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow