Baş sahypa
\
Sport
\
Çehiýada geçirilen halkara ýaryşynda türkmen küştçi zenany tiz oýnamak boýunça ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy
Sport
Çehiýada geçirilen halkara ýaryşynda türkmen küştçi zenany tiz oýnamak boýunça ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy
Çap edildi 27.02.2017
2427

Şu günler Çehiýanyň bu şäherinde on ýurduň türgenleriniň, şol sanda Türkmenistanyň toparynyň gatnaşmagynda halkara ýaryşyna badalga berildi. Şu gün “rapid” (çalt küşt oýnamak) görnüşinde zenanlar toparynda ildeşimiz FIDE-niň ussady Jemal Öwezdurdyýewa tapawutlandy. Ol kümüş medala mynasyp boldy. Ýaryş şweýsar usuly boýunça ýedi tapgyrda geçirildi. J.Öwezdurdyýewa mümkin bolan ýedi utukdan alty utuk toplamagy başardy. Bu bolsa oňa hormat müberinde ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Zenanlar toparynda ýaryşa 48 küştçiniň gatnaşandygy bellärliklidir. Türkmenistanyň ýygyndy topary nusgawy ýaryşlarda çykyş eder. Onda bir oýna bir ýarym sagat “arassa” wagt berilýär hem-de her göçülen göçümden soňra wagta 30 sekunt goşulýar. Halkara ýaryşy 4-nji marta çenli dowam eder.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow