Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen gyzlary jiu-jitsu boýunça Afinyda geçen dünýä çempionatynyň baýrak eýeleri boldular
Sport
Türkmen gyzlary jiu-jitsu boýunça Afinyda geçen dünýä çempionatynyň baýrak eýeleri boldular
Çap edildi 19.03.2017
2637

Şu gün Gresiýanyň paýtagtynda ýetginjekleriň arasynda jiu-jitsu boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Şonda türkmen türgenleri oňat netije görkezip, dört medal—altyn, kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Olar bu üstünliklere “ne-waza” görnüşinde (ýapon söweş sungatynyň göreş görnüşi) mynasyp boldy. Ýaryşa 40-dan gowrak ýurtdan 800-e golaý türgen gatnaşdy. Biziň ýygyndymyzyň düzüminde gyzlar tapawutlandy. Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna 55 kilogram agram derejesinde çykyş eden Nilufar Muhuddinowa çykdy. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby jemleýji tutluşykda ildeşimiz, ikinji orna mynasyp bolan Angelina Filippowadan üstün çykdy. Dünýäniň birinjiligi ugrundaky ýaryşda bu iki bäsdeş halkara derejeli iri ýaryşlarda altyn medal ugrunda öz aralarynda ençeme gezek bäsleşdi. Jiu-jitsu boýunça ýaş türkmen ussatlary geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçirilen Aziýa çempionatynda hem aýgytlaýjy tutluşykda duşuşdy. Şonda iň oňat söweşjeň ukyplaryny A.Filippowa görkezdi. N.Muhuddinowanyň häzirki ýeňşi bolsa onuň hem mynasyp başarnygynyň bardygyny görkezdi. Bürünç medallary paýtagtymyzyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiniň wekilleri Gülbahar Madraýimowa (49 kilograma çenli) hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Aýsoltan Garçowowa (70 kilogramdan ýokary) gazandy. Biziň gyzlarymyzy bu ýaryşa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Omar Muhammetnazarow taýýarlady. Jiu-jitsunyň şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýändigini bellemek gerek. Bu bäsleşikde medala mynasyp bolan türgenlerimiz ýaşdygyna garamazdan, milli ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş etmek üçin orun almaga esasy bäsdeşlerdir. Afinydaky dünýä derejesindäki ýaryş türkmen türgenleriniň ussatlygynyň ýokary derejedediginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
top-arrow