Baş sahypa
\
Sport
\
7-nji aprelde Awazada «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy»atly halkara sport kongresi geçirler
Sport
7-nji aprelde Awazada «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy»atly halkara sport kongresi geçirler
Çap edildi 24.03.2017
2557

7-nji aprelde Awazada «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy»atly halkara sport kongresi geçirler. Garaşylyşy ýaly, oňa Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Halkara sport federasiýalarynyň, iri halkara guramalaryň, dürli ýurtlaryň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşar. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtly myhmanlarymyz üçin Aziada – 2017, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigi bilen tanyşdyryş çärelerini guramak göz öňünde tutulýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmek, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bitarap Türkmenistan abraýly halkara düzümleri, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge çalyşýar.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow