Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesi dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Jemgyýet
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesi dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Çap edildi 14.07.2015
2577

Daşary ýurt metbugatynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bitaraplyk syýasaty esasynda ýurdumyzyň gazananlaryna bagyşlanan makalalaryň sany köpelýär. Türkmenistanyň Bitaraplygynа bagyşlanan neşirleriň biri Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde çapdan çykdy. Ol “Türkmenistanyň diplomatiýasy: ýurdumyzyň we halkara hyzmatdaşlygynyň bähbidiniň gullugynda” diýlip atlandyrylýar. Onuň sahypalarynda türkmen döwleti tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasat ugry, milli Liderimiziň abraýly halkara guramalarynyň belent münberlerinden öňe sürýän oňyn başlangyçlary hem-de olary durmuşa geçirmek üçin görülýän yzygiderli çäreler hakynda gürrüň berilýär. Žurnal hytaý we rus dillerinde çap edildi. Pakistanda iňlis dilinde neşir edilýän “THE DIPLOMATIС INSIСNT” žurnalynyň baş sahabynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň suraty ýerleşdirilipdir. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan žurnalda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde bu guramanyň agza ýurtlarynyň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky karanamanyň kabul edilendigi, bu senäniň ýurdumyzda milli baýram hökmünde bellenilýändigi hakyndaky köpsanly makalalar bar. Şu ýyl bu taryhy resminamanyň kabul edilenine 20 ýyl bolýar. Bu waka mynasybetli 2015-nji ýylyň Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilendigi hem-de bu şanly senä bagyşlanyp, halkara derejesinde dürli çäreleriň geçirilýändigi belenilýär. Şeýle hem žürnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy, milli ykdysadyýetimiziň eksport ugurlary hakyndaky makalalar okyjylaryň ünsüni çekýär. “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty”, “Türkmenistanyň Bitaraplygy”, “Parahatçylyk, ösüş we Bitarap Türkmenistan” hem-de beýleki birnäçe makalalarda Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň häzirkizaman geosyýasatyndaky eýeleýän orny hakyndaky pikirler, seljermeler berilýär, döwletimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglar, tüýs ýürekden çykýan arzuwlar beýan edilýär. Žurnalyň soňky sahypasynda Türkmenistanyň Bitaraplygyna hem-de türkmen-pakistan gatnaşyklaryna bagyşlanan çagalaryň çeken suratlary ýerleşdirilipdir. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan “Business Сentral Asia” žürnalynda hem giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler hakynda gürrüň berýän makalalara uly orun berilýär. Çärýekde bir gezek nemes dilinde neşir edilýän, GDA döwletleriniň syýasy, jemgyýetçilik we medeni durmuşyny beýan edýän “WOSTOK” žurnalynda syýasy we medeni meselelere bagyşlanan makalalaryň birnäçesi ýerleşdirilipdir, bu žurnal GFR-iň hökümetinde hem-de parlamentinde, syýasy partiýalarda we jemgyýetçilik guramalarynda, telekeçilik düzümlerinde, medeniýet hem-de bilim edaralarynda, şeýle hem Germaniýada işleýän diplomatik wekilhanalarda we halkara guramalarynda ýaýradylýar. Bu meşhur žurnalda bitaraplyk syýasatyna, Türkmenistanda bolup geçýän möhüm wakalara bagyşlanan makalalar, hususan-da, “Magtymguly Pyragy nemes okyjylarynyň gözi bilen” atly kitabyň Aşgabatda geçirilen tanyşdyryş çäresine we Mary şäherine 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hormatly derejäniň berilmegine bagyşlanan makalalar okyjylaryň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy. Aýda bir gezek çykýan “DIPLOMATIC FOCUS” halkara žurnalynyň maý aýyndaky sany tutuşlygyna Bitarap Türkmenistanyň gazananlaryna we üstünilklerine, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly taslamalara, şol sanda gurluşygy alnyp barylýan Gündogar-Günbatar gaz geçirijisine, ulag düzümini ösdürmek boýunça hem-de Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamalara bagyşlanypdyr. Owgan türkmenleriniň “Güneş” atly žurnaly hem çapdan çykdy, ol 2015-nji ýylyň ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanýar. Žurnalda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ösüşi hakyndaky makalalar çap edilýär, olarda doganlyk Türkmenistan tarapyndan yzygiderli berilýän ynsanperwer kömek üçin tüýs ýürekden hoşallyklar beýan edilýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna we onuň sebitiň ösüşi we ählumumy energetika howpsuzlygy üçin ägirt uly ähmiýetine bagyşlanan makalalar hem ýerleşdirilipdir. Žurnalyň sahypalarynda türkmen milli däp-dessurlary, milli mirasymyz we taryhy ýadygärlikler hakynda gürrüň beýän makalalara aýratyn orun berlipdir. Ýurdumyzda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Ýerewanda geçirilen çagalaryň çeken suratlarynyň bäsleşigine gatnaşyjylaryň suratlarynyň ýygyndysy çapdan çykdy. Şol suratlarda çagalaryň tämiz dünýägaraýyşlary, bagtyýar durmuşy, dostlugy, Watana bolan söýgini, tebigaty, milli mirasy beýan edişi açylyp görkezilýär. Ýurdumyzda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Hindistanda geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşyjylar üçin Türkmenistan bilen tanyşdyrýan ýörite neşir çap edildi. Onda Türkmenistanyň kartasy, oňat bezegli makalalar toplumy ýerleşdirilipdir, makalalarda türkmen milli puly, köpugurly ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary, şol sanda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, dokma senagaty, azyk senagaty, milli syýahatçylyk, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamlary, taryhy ýadygärlikler, türkmen tebigaty, milli baýramçylyklarymyz barada gürrüň berilýär. Umuman, ýurdumyzda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtlarda guralýan çäreler hem-de neşir edilýän çap önümleri Türkmenistanyň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belent abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasaty dünýä bileleşiginiň giň goldawyna we ykrarnamasyna eýe bolýar.

Soňky habarlar
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
18.11
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
18.11
Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgeleri
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
top-arrow