Baş sahypa
\
Sport
\
Duşak dagy boýunça belentlikdäki ýaryş skaýranning möwsümini açdy
Sport
Duşak dagy boýunça belentlikdäki ýaryş skaýranning möwsümini açdy
Çap edildi 27.03.2017
2451

Köpetdag ulgamynyň Duşakerekdag (2482 m.) gerşine ylgaw ýaryşy bilen skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Ine, eýýäm üçünji ýyl alpinizmiň bu gyzykly görnüşi boýunça Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan geçirilýän Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş “Agama” we “Mert” alpinistler klublarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimliginiň ýardam bermegi bilen geçirilýär. Altmyşa golaý türgen gözel Gökdere jülgesinde ýaryşa goşulyp, ilkinji kötel ýollary geçdiler. Adatça şeýle kötel ýollar öňdelige esasy dalaşgärleri hem kesgitleýär. Däbe öwrülen bu ylgaw ýaryşy köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ýaryşyň bu böleginde türgenlerden başga hem ýetginjekler, hat-da maşgala toparlary hem öz güýçlerini synap gördüler. Gaýdyş pelleden 500 metr belentlikde ýerleşýän ilkinji barlag nokadyna birinji bolup balkanabatly Ýazgeldi Ödeniýazow geldi. Onuň yzysüre bu ýere häzirki wagtda ýurdumyzyň Kubogynyň eýesi hem-de geçen ýylky ylgawyň ýeňijisi Alekper Ahmedow geldi. Onuň yzysüre bolsa Arslan Annamämmedow we Sergeý Arhipow hem bu barlag nokadyna ýetdiler. Üçünji barlag nokadyna çenli aralyk bir kilometre çenli ýapyýokary we ýapaşak ýollar bilen tapawutlanýar. Bu bolsa türgenlerden ýadamazaklygy, uzakçyllygy talap edýär. Bu ýerde skaýrannerler goýy dumanyň içinden geçip, bulutlardan ýokarda açyk mawy asmanyň astyna galdylar. 2 müň metrlikde bolan ikinji barlag nokadyna çenli ýaryşa gatnaşyjylaryň arasyndaky tapawut gitdigiçe artdy. Üçünji orna çykan S.Arhipow öňdebaryjydan 15 minutdan hem köpräk yza galdy. Ýaryşyň soňky bölegi türgenler üçin örän kyn synag boldy. Edil birnäçe gün mundan ozal bu ýere gar ýagypdy. Indi ol gar bahar güneşiniň astynda ereýärdi. Şonuň üçin hem belentlige çenli soňky kilometrleri skaýrannerler garly ýoda boýunça ylgamaly boldular. Bu bolsa, elbetde, ýokary netijeler görkezmäge mümkinçilik bermedi. Ýöne howa şertleri türgenleriň ruhuny birjik-de pese düşürip bilmedi. Şonuň üçin hem birinjilik ugrunda göreş örän çekeleşikli geçdi. Ýazgeldi Ödeniýazowa öňdeligi saklamak başartdy. Ol 2 müň metre golaý ýapyýokary gidýän 12 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 19 minut 07 sekuntda geçip, birinji orny eýeledi. Ýaryşyň iň soňky metrlerine çenli onuň bilen göreşen Alekper Ahmedow ondan bary-ýogy 3 sekunt soňra pellehana geldi. Geçen ýyldaky ýaly hormat münberinde üçünji orny eýelän Sergeý Arhipow olardan ýarym sagatdan gowrak yza galdy. Ýaryşda üstünlikli çykyş eden türgenler özleriniň ilkinji utuklaryny gazandylar. Çünki bu diňe möwsümiň başy. Şonuň üçin hem Kubok ugrunda ähli göreş heniz öňde. Skaýranning dünýäde we Türkmenistanda uly meşhurlyga eýe bolup barýan sportuň ýaş görnüşidir. Iňlis dilinden terjime edilende, onuň ady “Belentlikdäki ylgaw” diýen manyny berýär. Ýaryşa gatnaşyjylary ýurdumyzyň gözel dag tebigatyny görmäge bolan mümkinçilik hem-de güýçli beden taýýarlygyny we berk erk - islegi talap edýän ýeňiş ugrundaky gyzgalaňly göreş sportuň bu görnüşine çekýär.

Soňky habarlar
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow