Baş sahypa
\
Sport
\
Durdyýewleriň maşgala agzalary -- iňlis-amerikan şaşkasy boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň öňdebaryjylary
Sport
Durdyýewleriň maşgala agzalary -- iňlis-amerikan şaşkasy boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň öňdebaryjylary
Çap edildi 16.04.2017
2913

Balkan welaýatynyň merkezindäki ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebinde iňlis-amerikan şaşkasy boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaryşa gelen şaşkaçylar diňe bir medallar ugrunda bäsleşmän, şu ýylyň iýun aýynda ABŞ-da geçjek dünýä çempionatynda çykyş etmeli milli ýygyndymyzyň esasy düzüminde agza bolmak üçin hem göreşdiler. Bu ýaryşda diňe birinji we ikinji orunlar dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk berýär. Şonuň üçin hem baýraklar ugrunda göreş örän çekeleşikli we dartgynly ýagdaýda geçdi. Zenanlaryň arasynda altyn medala halkara grossmeýsteri, häzirki wagtda dünýäniň absolýut çempiony Amangül Durdyýewa mynasyp boldy. Ýaryşyň eýeleriniň toparyna wekilçilik edýän şaşkaçy zenan mümkin bolan 44 utukdan 44 utuk toplap, aňrybaş netijäni görkezmegi başardy. Amangülüň dünýä çempionatynda geçen ýylky gazanan ýeňşi oňa şu ýyl ýurdumyzyň ýygyndysynyň agzasy bolmaga mümkinçilik berdi. Şonuň üçin hem dünýä çempionatyna beýleki iki ýollanmalara kümüş we bürünç medallary eýelän türgenler mynasyp boldular. Balkan welaýatynyň toparynyň düzüminden Altynaý Öwezowa (38 utuk) we Jemile Mämmetnyýazowa (34 utuk) degişlilikde ikinji we üçünji orny eýelediler. Erkekleriň arasynda geçen ýaryşda hormat münberini tutuşlygyna Durdyýewleriň maşgalasynyň wekilleri eýelediler. Edil geçen ýylky ýaly, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna doganlaryň iň körpesi sport ussady Maksat Durdyýew çykdy. Ol mümkin bolan 60 utukdan 56 utuk (26 ýeňiş we 4 deňlik) toplady. Ikinji eýelän Bäşim Durdyýew ýeňijiden bary-ýogy bir utuk yza galdy. Üçünji orny Bagtyýar Durdyýew (54 utuk) eýeledi. Şeýle hem dünýä çempionatynda ýetginjekleriň toparynda Penagylyç Ezizgylyjow Türkmenistana wekilçilik eder. Ol hem geçen ýyl şu ýaş toparynda ýeňiş gazanypdy. Şu ýylky dünýä çempionaty Missisipi ştatynda ýerleşýän kiçeňräk şäherçe bolan Petal şäherinde halkara şaşkasynyň Şöhrat zalynda geçiriler. Bu ýerde kitaplaryň, antikwar önümleriň, şol sanda gadymy Müsüriň sungat eserleriniň, şeýle hem fotosuratlaryň ajaýyp toplumy ýygnalypdyr. Dünýäniň meşhur şaşkaçylarynyň atlarynyň hatarynda bu paýhas oýny bilen meşgullanýan türkmenistanly şaşkaçylar Mustafa we Amangül Durdyýewleriň atlary hem bar.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow