Baş sahypa
\
Sport
\
Aziýanyň iň güýçli agyr atletikaçylary türkmen paýtagtyna ýygnandy
Sport
Aziýanyň iň güýçli agyr atletikaçylary türkmen paýtagtyna ýygnandy
Çap edildi 23.04.2017
2098

Şu gün Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty badalga aldy. Oňa Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, KHDR-den, Omandan, Kuweýtden, Iordaniýadan, Siriýadan, Yrakdan — jemi 30-dan gowrak ýurtdan agyr atletikaçylaryň 200-e golaýy gatnaşýar. Ýaryşlaryň ilkinji gününiň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Ýulduz Jumabaýewa iki bürünç medala mynasyp boldy. Biziň ildeşimiz 48 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, bu üstünligi itekläp götermek (93 kilogram) we silkip ştanga götermegiň iki görnüşiniň jemi (165 kilogram) netijesinde gazandy. Ý.Jumabaýewa silkip götermekde hem 72 kilogram agramy galdyryp, oňat netije görkezdi. Bu görkezijiler Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talybyna dördünji orny eýelemäge hem-de agram götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça ozal gazanan görkezijisini täzelemäge mümkinçilik berdi. Ýulduzyň agyr atletikanyň iki ugrunyň netijeleri boýunça Aziýa çempionatynyň medalyna mynasyp bolan ilkinji türkmen agyr atletikaçy zenanydygy bellemek gerek. 48 kilograma çenli agram derejede çykyş eden tailandly türgen zenan Tunýa Sukçaroen ýeňiji (üç altyn medal) boldy, onuň görkezen umumy netijesi 194 kilograma (silkip götermekde 84 kilogram we itekläp götermekde 106 kilogram) deň boldy. Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşiklerde türgenler iki agram derejede (56 kilograma çenli we 62 kilograma çenli) bäsleşdiler, şunda olar iki topara bölündi. “A” toparda iki görnüşiň jemi boýunça Hytaýdan Diçeng Long (273 kilogram) we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň ýygyndy toparynyň wekili Çol Bom Sin (301 kilogram) altyn medallara mynasyp boldular. “B” toparda Kuweýtden Abdulla Alhatem (200 kilogram), Birleşen Arap Emirliklerinden Abdullah M. Halifa (175 kilogram) birinji orunlary eýelediler. Aziýa çempionatynyň ikinji gününde diňe zenanlar toparynda bäsleşikler dowam eder. Şonda 53 we 58 kilogram agram derejesinde çykyş edýän türgenler bäsleşerler.

Soňky habarlar
15.08
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaşlarynyň tagallalaryny birleşdirýär
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Awaza syýasy Jarnamasynyň strategik ähmiýeti
13.08
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň «Ýol kartasy»
13.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
12.08
Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi
12.08
«Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
11.08
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
top-arrow