Baş sahypa
\
Sport
\
Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça atly marafon geçirildi
Sport
Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça atly marafon geçirildi
Çap edildi 26.04.2017
3190

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybteli çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta çäklerindäki dag jülgesinden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugrunda däp bolan uzak aralyga atly –marafon ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlary“Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Milli atly sport merkezi bilelikde guradylar. Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, ýaryşyň baş emini, Kanadadan atşynas, biziň ýurdumyzyň dosty Tito Nils Pontekorwo marafona gatnaşýan 28 bedewe atlanan türgen – çapyksuwarlary meýdança çagyrdy we ýaryşlara badalga berdi. Marafon çapyşygynyň umumy uzynlygy 60 kilometr bolup, ol hersiniň uzynlygy 30 kilometr bolan iki tapgyrda geçirildi. Bu gezekki ýaryşlara Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Balkan, Mary, Daşoguz atçylyk sport toplumlarynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Serhet gullugynyň we hususy hojalyklara degişli bedewler gatnaşdylar. Bedewler howa şertleriniň oňaýly däldigine—güýçli ýagýan ýagyşa garamazdan marafonyň ilkinji tapgyryny üstünlikli geçmegi başardylar. Ýarym sagat arakesme wagtynda bedewlere lukmançylyk gözegçiligi geçirildi, olaryň ýürek uruşy, dem alyşy, özlerini duýuşy we beýleki ýagdaýlary barlanyldy. Lukmançylyk gözegçiliginiň netijeleri boýunça bedewler ýaryşyň ikinji tapgyryny dowam etdirmäge goýberilýär. Bu atçylyk sportunyň halkara kadalaryna laýyk gelýär. Bedewler diňe bir ýokary tizligini görkezmek bilen çäklenmän, çydamlylygyny hem subut etdiler. Marafon ýaryşy türkmen bedewleriniň çydamlylygyna, erjeligine we ýyndamlygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi we bedewlere erk edýän türgenleriň atlaryň uzak aralyklara mümkinçiliklerini dogry kesgitlemäge ukyplydyklaryny, ýurdumyzyň seçgiçleriniň we seýislerniň gazananlaryny aýdyň görkezdi. Ýeňijiler uzak aralygyň tutuş dowamynda sarp edilýän wagtynyň gysgalygy boýunça, weterinar lukmanlaryň oňyn netijenamalary esasynda kesgitleniler. Marafonyň ýeňijileri Türkmen bedewiniň baýramynyň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýän güni—30-njy aprelde ýekşenbe güni yglan ediler we olara baýraklar gowşurylar.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow