Baş sahypa
\
Sport
\
Halkara şaşka federasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady
Sport
Halkara şaşka federasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady
Çap edildi 15.05.2017
2518

Halkara şaşka federasiýanyň prezidenti W.O.Langiniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen tuglagynda şeýle diýilýär: Halkara şaşka federasiýasynyň (IDF) adyndan we öz adymdan Sizi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Daşkentde geçirilen Şaşka-64 boýunça Aziýa çempionatynyň 2017-nji ýylyň dünýä çempionatyna saýlama ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlaýaryn. Siziň şaşkaçy türgenleriňiz çempionatlarda medallary yzygiderli gazanýarlar hem-de ady agzalan çempionatda gazanan ýokary sport netijeleri üçin 2017-nji ýylyň awgust-sentýabrynda oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Bolgariýada geçiriljek dünýä çempionatyna hem-de 2017-nji ýylyň oktýabrynda Sankt-Peterburgda (Russiýa) erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldular. Bu çempionata dünýäniň 50-ä golaý ýurdundan wekiller gatnaşarlar. Türkmenistanyň şaşka mekdebi uly abraýa eýe bolup, öz türgenleriniň dürli çempionatlarynda we bäsleşiklerde üsiünlikli çykyşlary bilen tanalýar. Siziň ýurduňyzda ussat oýunçylar, hyjuwly tälimçiler hem-de sportuň şu intellektual görnüşini ilatyň arasynda ösdürmek barada örän uly isleg bar. Netijeli hyzmatdaşlyga umyt edýärin hem-de Siziň ýurduňyzyň türgenlerini biziň ähli çärelerine gatnaşmaga çagyrýaryn.

Soňky habarlar
03.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi
02.03
Ene mukaddesligine sarpa
02.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy
01.03
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
01.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
27.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow