Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgeniniň bürünç medaly
Sport
Türkmen türgeniniň bürünç medaly
Çap edildi 19.05.2017
3427

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleri bürünç medaly gazandylar. Şu gün hormat münberiniň üçünji basgançagyna 97 kilograma çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça ýaryşlarda çykyş eden Ýusup Melejaýew çykdy. Biziň watandaşymyz Siriýanyň toparynyň wekili Abdalh Karem bilen duşuşdy. Ol türkmenistanly türgeniň ezber tärlerinden asgyn geldi. Duşuşyk möhletinden öň 11:0 hasaby bilen tamamlandy. Indi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 12 medaly (iki altyn, dört kümüş we alty bürünç) bolup, umumy toparlaýyn çykyşlarda 12-nji orny eýeleýär. Şeýle hem şu gün basketbol boýunça (3x3 görnüşinde) toparlaýyn ýaryşlar geçirildi. “A” toparynda çykyş edýän erkekler ýygyndy toparymyz 18-nji maýda şowsyz badalga alandan soň, Türkiýäniň toparyndan (21:13) hem-de Pakistanyň toparyndan (19:12) ynamly ýeňiş gazandy. Bu ýagdaý türkmen türgenlerini ýaryşlaryň jemleýji tapgyryna çykardy. Onda toparlaryň 8-si bolup, olar aýlaw ulgamy arkaly ýeňijini we baýrak eýelerini kesgitlär. Zenanlar düzümi hem Alžiriň ýygyndy toparyny ýeňmegi (15:10) netijesinde final tapgyryna çykmagy başardy. 20-nji maýda IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň maksatnamasynda uşu boýunça ýaryşlar başlanýar. Bu ugurda Türkmenistana gadymy söweş sungatynyň ussatlarynyň bäşisi wekilçilik edýär.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow