Baş sahypa
\
Sport
\
Balkanabadyň alpinistlery belentligine çalt çykmakda Türkmenistanyň kubogynyň ikinji tapgyrynda öňdeligi eýeledi
Sport
Balkanabadyň alpinistlery belentligine çalt çykmakda Türkmenistanyň kubogynyň ikinji tapgyrynda öňdeligi eýeledi
Çap edildi 23.05.2017
3757

Uly Balkan gerşiniň belentligine – Balkan welaýatyndaky Arlan dagyna belentlige çalt çykmak skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň şu ýylda geçirilen ikinji tapgyry boldy. Bäsleşikleri Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda “Agama” we “Mert” alpinist klublary geçirýär. Ylgaw ugurlary täsin öwrüm-öwrüm ýodajyklar bilen dag eteginden onuň belentligine çenli 850 metrden hem geçýän belentlikleriň çalyşmagynda alty kilometr aralyga uzady. Ýaryşyň pellehanasy deňiz derejesinden bir müň sekiz ýüz metrden gowrak bellikde seýrek arça tokaýlygynyň arasynda ýerleşýärdi. Ylgawyň ugry gerşiň demirgazyk tarapyndan geçýän bolsa-da tomsuň golaýlap geleni duýulýardy. Türgenler diňe bir öz erkiniň hem-de kert belentlige galýan ýollaryň synagyna däl-de, eýsem aýry-aýry ýerlerde otuz gradusdan hem geçýän yssy howa hem döz gelmeli bolýardylar. Ýaryşa badalga berlenden 48 ýarym minut geçenden soň Balkanabatdan Ýazgeldi Ödeniýazow ilkinji bolup pellehana geldi. Ol şu ýyl Duşakerikdag belentligine çykmakda hem ilkinji orny eýeläp, ýurdumyzyň kubogyna eýe bolmaga oňat şert döretdi. Hormat münberiniň beýleki iki ornuny paýtagtymyzyň topary eýeledi. Ýeňijiden iki minut yza galyp Arslan Annamämmedow pellehana ikinji bolup geldi. Ýurdumyzyň kubogyna geçen ýyl eýe bolan Alekper Ahmedow üçünji orny eýeledi. Zenanlaryň arasyndaky bäsleşik hem çylşyrymly häsiýete eýe boldy, munda hem balkanlylar öňdeligi eýelediler. Öýüňde diwarlar hem kömek edýär diýien nakyly başgaçarak aýtsak, öz ýeriňde gaýalar hem kömek edýär. Pellehana ilkinji bolup Gözel Ataýewa geldi, ol bu aralygy bir sagat 18 minutda geçdi. Ikinji we üçünji orunlary paýtagtly türgenler Alina Panowa we Najiýa Kostowa eýelediler. Ýazky ylgaw möwsümi tamamlandy, ýurdumyzyň kubogy ugrundaky bäsleşikler Köpetdagyň üstünden geçýän Harlasang, Markou ugurlary hem-de paýtagtymyzyň Saglyk ýoly boýunça “Türkmenistan” telemerkezine çenli ýolda geçiriler. Skaýranning iňlis dilenden terjime edilende “belentlikde ylgamak”, “belentlik ylgawy” diýmegi aňladýar. Sportuň bu görnüşi ýaşdyr, emma biziň ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Şu ýyl alpinizmiň bu ugry boýunça ýurdumyzyň kubogy ugrundaky ýaryşlar üçünji gezek geçirilýär. Bu özboluşly bäsleşikler sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň hem-de Türkmenistanyň daglarynyň täsin görnüşleriniň gözelliklerini wagyz edýänleriň sanyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow