Baş sahypa
\
Sport
\
Dünýäniň absolýut çempiony Konstantin Szýu –boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň hormatly myhmany
Sport
Dünýäniň absolýut çempiony Konstantin Szýu –boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň hormatly myhmany
Çap edildi 22.06.2017
3203

Şu günler Aşgabatda boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 120-ä golaý türgen gatnaşýar. Şu gezekki ýaryşlar aýratyn ähmiýetlileriň hataryna girer, sebäbi hormatly myhmanlaryň arasynda belli türgen, dünýäniň absolýut çempiony Konstantin Szýu. Dünýä belli ussat boksçy ýurdumyza Milli boks federasiýasynyň çagyrmagy boýunça geldi, ol sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türkmen türgenlerine rowaçlyk arzuw etdi: “Eger-de öňde maksat goýan bolsaň oňa barýan ýolda ähli tagallalary etmelisiň. Maksadyň belent bolmalydyr ol dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmak arzuwyndan pes bolmaly däldir” diýip K.Szýu aýdýar. Daşary ýurtly myhman usat boksçylaryň guramalarynyň ählisiniň —IBF (Halkara boks federasiýasynyň), WBC (Bütindünýä boks geňeşiniň) we WBA (Bütindünýä boks assosiasiýasynyň) derejeleri boýunça tutluşyklarda gazanan netijeleri esasynda dünýäniň absolýut çempiony diýen ada eýe boldy. Şeýle hem ol Ýewropanyň iki gezek çempiony bolup durýar, Konstantin Szýunyň ady ABŞ-daky bokçylar şöhratynyň Halkara zalynda ýazyldy, şeýle hem bu zalda beýleki meşhur türgenleriň, tälimçileriň we eminleriň atlary ýazylandyr, olar sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegine uly goşant goşdylar. Belli türgeniň gürrüň bermegine görä, kakasy ony boks bilen meşgullanmaga ugrukdyrdy. Ol Russiýanyň tälimçisi Wladimir Çernden tälim alyp başlady, onuň ýolbaşçylygynda K.Szýu on ýyldan gowrak türgenleşdi, 90-njy ýyllarda ol Awstraliýa göçüp gitdi, ol ýerde sport bilen meşgullanmagy Jonni Lýuisiň ýolbaşçylygynda dowam edip, uly üstünlikler gazandy. Türkmen türgenleriniň türgenleşigine syn edip, çempion biziň boksçylarymyzyň mümkinçiliginiň uludygyny belledi. Ylmy esasda yzygiderli ýagdaýda taýýarlyk görülse ýetmezçilikleriň aradan aýryljakdygyna dünýä çempiony ynam bildirýär, sebäbi soňky birnäçe ýylyň dowamynda Russiýanyň at gazanan tälimçisi, Sidneýde (Awstraliýa) geçirilen Olimpiada-2000-de ýeňiş gazanan, dünýä we Ýewropanyň çempiony A.Lebzýak Türkmenistanyň ýygyndy toparyny türgenleşdirýär. Aleksandr Borisowiçiň tälimçilik tejribesi ýeterlikdir. Ol 2015-nji ýylda Höwesjeň boksyň halkara assosiasiýasynyň bahasy boýunça dünýäniň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi. A.Lebzýak uzak wagtyň dowamynda Russiýanyň toparyny, şeýle hem Goşunyň merkezi sport klubyny türgenleşdirdi. Tälimçilik işi döwründe (2001-nji ýyldan bäri) ol iki gezek olimpiýa çempiony Alekseý Tişşenko, Olimpiada 2008- Pekiniň ýeňijisi Rahim Çahkiýew, dünýäniň iki gezek çempiony we dünýä Kubogynyň eýesi Matweý Korobow, Olimpiadalarda baýrakly orunlary eýeleýän Sofiýa Oçigawa we Anastasiýa Belýakowa ýaly belli boksçylary ýetişdirdi. Indi türkmen boksçylaryny XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak onuň borjy bolup durýar, bu olimpiýa oýunlary 2020-nji ýylda Tokioda (Ýaponiýa) geçiriler. Ýurdumyzyň bu gezekki çempionatynyň jemleri boýunça milli ýygyndy toparymyzyň deslapky düzümi kesgitlener.

Soňky habarlar
03.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi
02.03
Ene mukaddesligine sarpa
02.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy
01.03
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
01.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
27.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow