Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen gimnastikaçysy Dominika Reýmeriň “Singapore Open” ýaryşynda gazanan bäş medaly
Sport
Türkmen gimnastikaçysy Dominika Reýmeriň “Singapore Open” ýaryşynda gazanan bäş medaly
Çap edildi 23.06.2017
3600

Türkmen türgeni Dominika Reýmer çeper gimnastika boýunça 10 ýaşa çenli çagalaryň toparynda “Singapor Open” 14-nji halkara ýaryşynyň barşynda üç altyn we iki kümüş medaly eýelemegi başardy. Bu ýaryşa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 100-e golaý türgen gatnaşdy. Biziň ildeşimiz ýüpli bökmekde, köp görnüşli ýaryşlarda we esbapsyz çykyş etmekde hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Ol ikinji orna toply ýaryşda hem-de toparlaýyn hasapda mynasyp boldy. Munuň özi D.Reýmeriň halkara derejesindäki iri ýaryşlarda gazanan ilkinji ýeňşi däldir. Geçen aýda Malaýziýanyň paýtagty Kuala –Lumpurda geçirilen ýaryşda hem ol altyn medala mynasyp boldy. Biziň ildeşimiz özüniň halkara sport ýaryşdarynda gazanan üstünliklerini halypalary – meşhur hytaýly tälimçi Zoý Tiankeniň hem-de bir mahallar sportuň şu görnüşi boýunça Russiýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş eden Ýuliana Kuznesowanyň tutanýerli zähmeti bilen baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda türkmen gimnastikaçysy Tailandda geçiriljek ýaryşlaryň birnäçesine taýýarlyk görýär. Oktýabr aýynda bolsa Aşgabatda sportuň şü görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Bu ýaryşlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanýar.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow