Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. ...Ir bilen döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.