Home
\
Economy
\
Birža täzelikleri
Economy
Birža täzelikleri
Published 24.01.2021
11889

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 35-si baglaşyldy. Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Şotlandiýadan BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gonkongyň we Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa, BAE, Türkiýe, Gyrgyzystan, Özbegistan döwletleriniň işewür wekillerine reňksiz aýna, nah ýüplük, tekiz boýalan žakkard hem-de tüýjümek önümler, jinsi matasy satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 554 müň dollaryndan gowrak boldy. Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ermenistanyň işewürleri umumy bahasy 13 million 413 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin umumy bahasy 232 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Last news
01.04
The meeting of the State Security Council of Turkmenistan
31.03
Turkmenistan – UN: Further Strengthening Cooperation
31.03
It was ordered to hold an international Ahal-Teke horse beauty contest in Ashgabat on the 25th of April, 2026, on the occasion of the National holiday of the Turkmen horse
31.03
Meeting of the Central commission for holding elections and referendums in Turkmenistan
30.03
The total amount of transactions at the SCRMET auctions amounted to over 350 million 748 thousand USA dollars
30.03
President of Turkmenistan held an online working meeting
29.03
Election voting has concluded
29.03
Voting continues
29.03
Voting has started in the election
28.03
Decree of the President of Turkmenistan on awarding the medal of Turkmenistan «Arkadag» to foreign citizens
top-arrow