12.07
2015
Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi 2015-nji ýylyň 10–11-nji iýulynda Türkmenistanda resmi sapar bilen boldy.
09.07
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramow Döwran Atamyradowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
06.07
2015
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda ýüstisiýanyň geňeşçisi Ýagmyr Muhammetdurdyýewiç Hallyýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň başlygy wezipesinden boşadyldy.
01.07
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň häkiminiň orunbasary Arazmämmet Berdimämmedowiç Hojamow Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
21.06
2015
“Standartlaşdyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy” hakyndaky Türkmenistanyň TDS 562-2015 döwlet standarty tassyklanyldy.
19.06
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda” ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň günbatar tarapynda Okuw merkezi toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
18.06
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny berjaý etmäge giň ýol açmak, ýaş nesli milli ahlak ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelemek, raýatlaryň ynanç-ygtykatlaryny erkin berjaý etmegine has oňat şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine Türkmenabat şäherinde 3000 orunlyk metjidiň, 500 orunlyk sadaka berilýän jaýyň, 50 orunlyk myhmanhananyň, awtoduralganyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Altyn gül” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
13.06
2015
Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 361-sini Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek bellenildi.
12.06
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Zakirjan Jumakulyýewiç Kurbanow Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
12.06
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşandyny goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.