11.06
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan öňdebaryjy, kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmelere esaslanýan ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirmek, ösen innowasiýa ulgamyny döretmek we innowasiýa işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, ministrliklere we pudak edaralaryna maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
10.06
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Babamurat Allaberdiýewiç Karýagdyýew Lebap welaýatynyň Magdanly şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
05.06
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jumagylyç Pirmuhammedowiç Jumagylyjow Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
05.06
2015
Baş Assambleýa,
özüniň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50/80A Rezolýusiýasyna salgylanyp,
her bir döwletiň öz daşary syýasatyny halkara hukugynyň kadalaryna we ýörelgelerine hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda garaşsyz kesgitlemäge özygtyýarly hukugyny tassyklap,
03.06
2015
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi:
«Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna Ýerüsti çeşmelerden we gury ýerde alnyp barylýan işleriň netijesinde hapalanmakdan goramak boýunça Teswirnamany tassyklamak hakynda»;
02.06
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyza has oňaýly şertleri döretmek we gowy hilli hyzmat etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
01.06
2015
Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen–wenger toparynyň Türkmen bölegi döredildi we düzümi tassyklanyldy.
31.05
2015
Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we bu işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.
28.05
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň oňat dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine konsorsiumyň düzümine girýän «Ferhar» we «Kerwen Gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri bilen Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähiniň durkuny täzelemek barada şertnama, şeýle hem seýilgähiň çäginde restoranyň, dükanyň we garbanyşhananyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
28.05
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň
PERMANY
«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda