Baş sahypa
\
Jemgyýet
Jemgyýet
05.03 2019
5-nji martda Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna ozal çykyp gidenleriň ornuna dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy. Onuň dalaşgärleri görkezmek we bellige almak ýaly, ilkinji iki tapgyry ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna laýyk derejede geçdi. Ýokary halkara kadalara laýyk gelýän hakyky demokratik saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly esas döredildi.
03.03 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewler bilen didarlaşdy.
27.02 2019
Şu gün paýtagtymyzyň günorta künjegindäki Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda birbada üç sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden bagtyýar maşgalalar gatnaşdylar. Bu dabara köpçülikleýin medeni çärelere utgaşdy.
26.02 2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçiriler.
26.02 2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji fewralda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi bilen geçiren iş maslahatynda döwletimiziň howandarlygynda geljekde haýwanat dünýäsini goramak boýunça merkeziň esasy bolup hyzmat etjek merkezleşdirilen weterinar hassahanasyny döretmek baradaky teklibi ýurdumyzyň hökümetiniň ykdysady we durmuş taslamalarynda işjeň hyzmatdaşy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan işjeň goldanyldy.
26.02 2019
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda žurnalistler üçin «Öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça» atly okuw maslahaty işläp başlady. Ol ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde guraldy.
26.02 2019
Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ylym we bilim ulgamlarynda durmuşa geçirilen möhüm özgertmelere we şanly wakalara beslendi. Bu iki düzümleýin ugra jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarlaryna çykarmakda wajyp orun degişlidir.
25.02 2019
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudor we şol institutyň prorektory Konstantin Marius Profiroiu bilen duşuşyk geçirildi.
24.02 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Golf klubunyň meýdançasynda bolup, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy.
23.02 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýurdumyzyň IIM-niň şahsy düzümine niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulanmaga berlen jaýlarda döredilen şertler we gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine bardy.
177 sahypa
Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap