28.12
2016
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalar bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp dabaralaryň şatlygyny paýlaşdy.
24.12
2016
BAE-niň Prezidenti şeýh Zaýed bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramçylyk dabarasy guraldy. Baýramçylygyň esasy nyşany—dürli reňkli öwşün atýan oýnawaçlar bilen bezelen owadan arça öz daşynda köşgüň çagalaryny we terbiýeçilerini hem-de çagalar bilen şatlygyny paýlaşmaga gelen köpsanly myhmanlary ýygnady.
23.12
2016
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezi dörediler.
23.12
2016
Türkmenistanda 2017-nji ýylyň birinji ýarymy üçin daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşyk yglan edildi.
23.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk we beýleki meseleleri çözmek boýunça Karara gol çekdi.
23.12
2016
Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Ol hemmeleriň söýüp garşylaýan, köp garaşdyran we täsinliklere baý bolan Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.
21.12
2016
Şu gün paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň we paýtagtymyzyň köpsanly ilatynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde oturdylan S.A.Nyýazowyň ýadygärligine gül goýmak we Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak çäresi geçirildi.
21.12
2016
Täze lukmançylyk şäherjigi – 836 orunlyk köpugurly welaýat hassahanasy Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde bina edilýär. Bu ýerde gurluşyk-gurnama işleri esasan tamamlandy hem-de içki we daşky timarlaýyş işlerine girişildi.
16.12
2016
Şu gün paýtagtymyzda Parahat-7 etrapçada täze köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy.
15.12
2016
Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçar gatnawlarynyň üsti Aşgabat-Kazan-Aşgabat gatnaw boýunça ýene bir möhüm halkara ugur bilen ýetirildi. Şu ugur boýunça gatnaýan uçar Aşgabada gaýdyp geldi.