29.06
2017
Şu gün paýtagtymyzda uly ähmiýetli binagärlik açylyşlarynyň birnäçesi bolup geçdi -- Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary, köpgatly awtoduralga, birnäçe ugurly aýrytlary, ýerüsti we ýerasty geçelgeleri bolan zerur düzümli şäheriň onlarça kilometr awtomobil ýoly, şeýle hem paýtagtymyzyň günorta böleginde seýilgäh ulanmaga tabşyryldy. Dabaralara paýtagtymyzyň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik toparlary aýdym-sazly joşgunly çykyşlaryny görkezdiler.
26.06
2017
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
23.06
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylda Oraza baýramy 26-njy iýunda belleniler. Şol gün iş güni däl diýlip yglan edildi.
23.06
2017
Türkmenistanda iýul aýynda şanly senelere hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylmagyna gabatlanyp, birnäçe baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.
23.06
2017
Uly sport baýramynyň –Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň – Aziada-2017-niň nyşanlary Aşgabadyň köçelerinde hereket edýän Koreýa Respublikasynda öndürilen, dünýä belli “Hyundai” kysymly ýeňil awtoulagy bolan taksileriň daşky keşbini bezedi.
21.06
2017
Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda örän köpöwüşginli we çuňňur pelsepä ýugrulan tämiz ahlaklylyk, päk wyždanlylyk, adamkärçilik, şükranalyk, birek-birege hormat we sarpa goýmak ýalydessurlary döredipdir--diýlip gutlag hatynda aýdylýar.
19.06
2017
Oba hojalyk toplumynda “Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýeti” ady bilen Halkara maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň 2017-2019-njy ýyllarda AHHG başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy.
17.06
2017
Şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleri bolan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň we Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň harby talyplarynyň nobatdaky gutardyş dabaralary geçirildi.
16.06
2017
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmenistanlylaryň 1029-sy mundan beýläk jeza çäresini çekmekden boşadylar.
14.06
2017
Türkmenistanda “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Kanun güýje girdi. Bu Kanun sportda dopinge garşy göreşmek babatda işiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.