24.10
2019
Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
17.10
2019
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) başlygy RT halkara teleýaýlymy ady bilen has belli «ТВ-Новости» Awtonom täjirçilik däl guramasynyň arasynda habarlar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Ähtnama gol çeker. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky Buýruga gol çekdi.
16.10
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamy jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygy diýip yglan etmek hem-de ilatyň saglygyny goramak meselelerine uly üns bermek bilen, ýurdumyzyň tutuş saglygy goraýyş ulgamy üçin «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygary öňe sürdi.
04.10
2019
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, medeniýet pudagyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.
01.10
2019
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi.
29.09
2019
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy we atly gezelenç etdi.
29.09
2019
27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli BAE-niň Dubaý şäherindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan «Burj Halifa» binasynyň ýüzi ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi.
28.09
2019
Şu gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda şowhunly çäreleriň biri bolan ahalteke bedewleriniň çapyşyklary geçirildi.
27.09
2019
Şu gün döwletimiziň we halkymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolan Garaşsyzlyk güni giňden baýram edilýär. Indi 28 ýyl bäri ýurdumyz özüniň saýlap alan we şöhratly pederlerimiziň Watany, parahatçylygy, ylalaşygy hem-de milletiň bitewüligini goramak ýaly köpasyrlyk arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen ynamly gadam urýar.
26.09
2019
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy.