09.05
2019
Şu gün ýurdumyzda şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi.
09.05
2019
Daşoguzda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň tabşyrygy bilen gullygyň işgärleriniň maşgalalary üçin gurlan täze jaý ulanylmaga berildi. 16 öýli dört gatly binany “Nowruz” etrapçasynda hususy kärhananyň hünärmenleri gurdular.
04.05
2019
Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde ýakynlaşyp gelýän 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny, tylyň zähmetkeşlerini we wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny hatyralamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, olara pul baýraklary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylgy.
26.04
2019
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanylyp, halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahat öz işine başlady.
25.04
2019
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
24.04
2019
Asylly däbe görä, şanly seneleriň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze desgalar ulanylmaga berilýär. Ine, Türkmen bedewiniň öňde boljak milli baýramy mynasybetli birbada iki welaýatda — Daşoguz we Lebap welaýatlarynda dürli maksatly binalaryň açylyş dabaralary geçirildi, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän syýasy ugruň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr, onuň many-mazmuny «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapýar.
10.04
2019
Şu gün türkmen paýtagtynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda geçirilen “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli Ýewropa maslahaty öz işini tamamlady.
09.04
2019
Şu gün irden paýtagtymyzda, «Ýyldyz» myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahaty öz işine başlady.
08.04
2019
Şu gün, 9-njy aprelde Aşgabatda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça ýokary derejedäki halkara maslahat açylýar. Ýurdumyzda iri wekilçilikli çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara giňişlikde ýokary abraýa eýe bolýandygynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkynyň we her bir raýatynyň saglygy, abadançylygy hakyndaky aladanyň esasy orunda durýan oňyn döredijilik syýasatynyň ählumumy goldawa mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
08.04
2019
Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky edara-binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy paýtagtymyzda 9 — 10-njy aprelde boljak «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejedäki halkara maslahat boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin duşuşyk geçirdi.