22.03
2017
Milli bahar baýramyna gabatlanyp, “At-myrat” atly film ýurdumyzda görkezilip başlanyldy. Bu günler filmiň paýtagtymyzyň “Aşgabat” kino merkezinde we “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde, Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda görkezilişi boldy. Şu aýda milli telewideniýäniň ýaýlymlarynda “At-myrat” filminiň ilkinji görkezilişi boldy.
22.03
2017
Mary welaýatynyň Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini we bilim ulgamynyň işgärlerini sarpalamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklary bilen sylaglanyldy.
17.03
2017
Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary welaýatynyň merkezindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçiriler.
10.03
2017
10-14-nji martda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek bellenildi. Döredijilik çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň sahna ussatlarynyň konsertini, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň, Garaşsyz Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine, Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna bagyşlanan neşir önümleriniň sergisini, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň duşuşygyny guramak, türkmen kinofilmlerini görkezmek meýilleşdirilýär.
26.02
2017
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylary şu gün maslahat geçirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pudaklaryň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleriň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
19.02
2017
Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti boldy.
10.02
2017
Türkmen döwlet neşirýat gullugy 8-nji fewralda belarus paýtagtynda açylan XXIV Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar.
08.02
2017
Paýtagtymyzdaky “Watan” kinokonsert merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we eýran sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.
06.02
2017
Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeligi açyldy. EYR-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet merkezi hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
26.01
2017
Türkmen telewideniýesi üçin täze “Ak ýaýlanyň aýdymy” atly sazly çeper film tomaşaçylara oba durmuşynyň özboluşly jümmüşine aralaşmaga mümkinçilik berdi, oba ýerinde gadymy däp-dessurlar saklanyp galýar, ýaşaýşyň milli ýörelgelerine uly sarpa goýulýar. Bu zatlaryň ählisi häzirkizaman obasynyň täze türkmen nusgasynda beýan edilýär.