01.08 2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçiriljek mazmunlaýyn çärelere bagyşlanan makalalar toplumyny dowam edip, Türkmenistanyň ählumumy gatnaşyklara işjeň gatnaşyjy we köpugurly diplomatik ýörelgelere ygrarly bolup, Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösüş ýolundadygyny görkezýändigini bellemek gerek. Forumyň geçirilýän ýeri hökmünde Türkmenistanyň saýlanyp alynmagy sebit we halkara syýasy giňişlikde Bitarap Watanymyzyň eýeleýän ornunyň, durnukly ösüşi üpjün etmek, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalarynyň ykrarnamasydyr.

01.08 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zuttere ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

31.07 2025

Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.

30.07 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.

30.07 2025

Şu gün Arkadag şäherinde täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň şähere amala aşyran nobatdaky iş saparynyň çäklerinde açylmagyna ak pata beren döwrebap ýol-ulag desgasynyň açylyş dabarasy şatlykly wakalara beslendi.

29.07 2025

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makalalar toplumynyň ozalky sanlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary wekilçilikli forumyň geçirilmegine döwletleriň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk formatlaryny döretmekde ýurdumyzyň goşýan ägirt uly goşandynyň ykrar edilmesi hökmünde garaýar. Bu makalada bolsa halkara hyzmatdaşlygyň netijeli guralyna öwrülen parlament diplomatiýasyna üns çekiler.

28.07 2025

Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki mazmunlaýyn çärelere bagyşlanan makalalar toplumyny dowam etmek bilen, Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň geriminiň ähli ulgamlarda barha giňeldilýändigini bellemek gerek.

28.07 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.

27.07 2025

Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wakalaryna beslenen geçen hepde Watanymyzyň ägirt uly kuwwatynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadan durmuşynyň berk binýadyny emele getirýän özgertmeleriň netijesinde gazanylan üstünlikleriň beýany boldy.

26.07 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.

1463 sahypa
Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady