Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan uly üstünligiňiz, ýagny Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Waşington şäheriniň Ronald Reýgan howa menziliniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.
Täze ýyl mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
2024-nji ýyl uly zähmet ýeňişleri, beýik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna nobatdaky şanly ýyl hökmünde girdi. Beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, gurluşyk-senagat toplumynda hem uly üstünlikler gazanyldy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Medeniýet ulgamy häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar.
Azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn we ylmy esasda ösdürmäge, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň girdejililigini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.