Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny Allatagalanyň rehmetiniň hem sahawatynyň aýy bolan mukaddes Remezan aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli berkarar Watanymyzyň ajaýyp gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk dabarasy geçirildi.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” we “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelere laýyklykda hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek üçin halkara we sebitleýin maliýe institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Sizi tebigatyň ynsan ýüreklerinde ylham-joşgun döredýän ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu nurana baýrama bagyşlanyp, eziz Diýarymyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde geçiriljek dabaralaryň göwünleri galkyndyryp, eziz Watanymyza söýgini, eşretli durmuşymyza, bagtyýar döwrümize buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyk netijeli döwletara dialoga täze itergi bermäge hem-de hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny nazara almak bilen, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, maglumat giňişliginde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hem gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwürýär. Amala aşyrylýan tutumly işler merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bedew bady bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzyň gazanýan bu üstünliklerinde, ýetýän belent sepgitlerinde zähmetsöýer zenanlaryň paýy uludyr.
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.
Şu gün — Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konserti boldy.