Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we täzeçil usullary ulanmak arkaly bina edilen Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi hem-de ýol-ulag düzümine degişli desgalary abadanlaşdyrmak boýunça maslahatlaryny berdi.
Şu ýylyň fewral aýynda geçirilen gepleşiklerdir maslahatlar, işewürlik duşuşyklarydyr syýasy geňeşmeler «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyňlygy bilen subut etdi.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:
Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa degişli ýolbaşçylar bilen täze şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy. Şeýle hem bu ýerde gaznanyň işini mundan beýläk-de ýokary derejede ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Yslam dünýäsiniň raýdaşlygy we doganlygy alamatlandyrýan mukaddes Oraza aýyny şatlyk bilen garşylaýan günlerinde Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, bu mübärek aý Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna rowaçlyk, abadançylyk getirsin! Gudraty Güýçli Allatagaladan halklarymyzy baglanyşdyrýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyny dileýärin.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy durmuş ugurly özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilendir. Ol ykdysadyýeti dolandyrmaga, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmaga, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň dürli gurallaryny ornaşdyrmaga esaslanýan bazar özgertmelerini amala aşyrmak üçin amatly başlangyç meýdançany döretmäge mümkinçilik berdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi.