Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy.
Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamak hem-de hoşniýetli arzuwlarymy beýan etmek mende uly şatlyk duýgusyny döredýär.
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň baýram edilýän günlerinde bellenilýän doglan günüňiz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriňiziň, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri hem-de daşary syýasatyňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, täze taryhy eýýamda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün paýtagtymyzda dürli pudaklarda zähmet çekýän, Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly şahsy goşandyny goşan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.