Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministri Fumio Kisida Ýaponiýanyň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün Döwletliler köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Sizi täze — 2024-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala bagtyýarlygyny, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.
Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, köp garaşdyran Täze ýyl baýramy ýetip geldi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan biz täze — 2024-nji ýyly garşylarys.
Dünýä giňişliginde adamzadyň ýagşy umytlar, nurana arzuwlar bilen söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bagtyýar maşgalalaryň bereketli ojaklarynda agzybirligiň, bagtyýarlygyň aýdyň nyşanyna öwrülip, şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrylýar.
Sizi täze — 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan, parahat, asuda durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Täze ýylda Size we Siziň ýurduňyza parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatly Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy! Hormatly jenap Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Kuba Respublikasynyň Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.